Medeniýet bilen syýahatçylygyň utgaşmagy syýahatçylygyň ösüşine itergi berýär

Şu ýyl Hytaýda medeni syýahatçylyk has işjeň häsiýete eýe bolup, däp bolan medeni miras syýahatçylyk hyzmatlaryna çuňňur ornaşdyrylýar. Bu ugurdaky täze çemeleşmeler syýahatçylaryň gyzyklanmasyny artdyrýar hem-de syýahatçylyk pudagynyň durnukly ösüşine itergi berýär.
Gündogar senenamasyna görä ýetip gelýän At ýyly mynasybetli Hytaýyň Hubeý welaýatynyň Suýçžou şäherindäki Dahun dagynyň syýahatçylyk zolagy özboluşly başlangyjy ýola goýdy. Oňa görä, bedewe bagyşlanan goşgy okaýan myhmanlara bu zolaga tölegsiz girmek mümkinçiligi berildi. Bu çäre köp sanly syýahatçylary özüne çekdi.
“Goşgy okamak arkaly tölegsiz girmegiň hödürlenmegi syýahatçylaryň gatnaşygyny artdyrýar we däp bolan medeniýeti hakykatdan hem janlandyrýar” diýip, syýahatçy Ýan Szikun aýtdy.
Soňky ýyllarda köp sanly syýahatçylyk ýerlerinde taryhy we medeni aýratynlyklary döwrebap tehnologiýalar arkaly görkezmäge aýratyn üns berilýär. Hytaýyň Henan welaýatynyň Kaýfen şäherinde golografik şekillendiriş we ýörite üç ölçegli (3D) tehnologiýalaryň kömegi bilen meşhur taryhy şahsyýetler tomaşaçylaryň arasynda peýda bolup, olar bilen göni aragatnaşyk ýola goýulýar.
Şol bir wagtyň özünde, Hytaýyň gündogarynda ýerleşýän Çžeszian welaýatyndaky Liançžu gadymy şäherçesinde syýahatçylar wirtual hakykat (VR) äýnekleri arkaly 5 müň ýyl mundan ozalky ýaşaýjylaryň suw hojalyk desgalaryny guruşyny we maldarçylyk bilen meşgullanýan durmuşyny synlap bilýärler.
Şanhaý şäherinde bolsa “petek ykdysadyýeti” diýlip atlandyrylýan täze işewürlik modeli sarp edijilik işjeňligini artdyrýar. Bu strategiýanyň çäklerinde bir çärä alnan petek söwda merkezlerinde, restoranlarda we myhmanhanalarda dürli arzanladyşlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär.







