Gadymy gözellik häzirki zaman tehnologiýasy bilen utgaşdyrylyp, ýagtylyk şüweleňi görkezildi

Ýanwar 20, 2026 | 20:03 |113
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Çunsin şäherinde dronlaryň ulanylmagy bilen öwüşginli yşyklaryň çäresi geçirildi. Bu çärede däp bolan medeniýetiň we häzirki zaman tehnologiýasynyň täze we täsirli görnüşde sazlaşykly utgaşdyrylyşy görkezildi. Tehnologiýa arkaly gadymy estetiki gymmatlyklar janlandyrylyp, tomaşaçylarda çuňňur täsir galdyrýan şüweleňli çykyşlar görkezildi.

Akyp duran derýany perde hökmünde, lazerleri bolsa surat çekilýän çotga hökmünde ulanyp, «Täze kapyýaly Çunsin» atly ýagtylyk şüweleňi tomaşaçylary haýran galdyrdy. Agşamyň iň ajaýyp pursatlarynyň biri hem “Bagtyýarlyga açylýan güller” atly şüweleň boldy. Bu tema Hytaýyň däp-dessurlarynda aýratyn mazmuna eýedir. Şüweleňli çärede, gündogar gözelligini alamatlandyrýan bir gül, gijesine asmanda haýaljakdan açylýar, soňra onuň ýanyna öwüşginli, ýagtylykda uçýan kebelek uçup gelýär. Şeýlelikde, ýagtylyk we hereket sazlaşykly utgaşdyrylýar.

«Suw, ýer we howa» giňişliklerini öz içine alýan, şowhunly üç ölçegli çykyş Hytaýyň däp-dessuryna degişli temalar bilen ýaş tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

“Görkezilen her bir şekil, şol bir wagtyň özünde meni hem haýran galdyrdy, hemem tolgundyrdy” diýip, ýerli ýaşaýjy Fen öz duýgularyny paýlaşdy.

Reňkler hem örän ýerlikli ulanylyp, häzirki döwrüň isleglerine laýyk gelýän açyk we janly şekiller döredilipdir. Tehnologiýa diňe adaty şekilleri gaýtalamak bilen çäklenmän, maglumat ýygnamak, programma üpjünçiligi we edil häzirki wagt tertibindäki aragatnaşygyň üsti bilen “kebelegi söýýänler” we “humly küýze” ýaly nusgawy şekilleri döretmäge mümkinçilik berdi.

“Meniň pikirimçe, bu diýseň ajaýyp. Bu öwüşginli şüweleň şeýle owadan boldy” diýip, Beýik Britaniýadan gelen syýahatçy aýtdy.

“Bu şäher bizde uly täsir galdyrdy, biz hakykatdanam haýran galdyk. Bu örän ajaýyp şäher. Bu ýere ýene-de gelmek isleýäris” diýip, Ispaniýadan gelen myhman pikirini paýlaşdy.

Beýleki habarlar