Hytaýda kofe syýahatçylygy ösýär

Hytaýyň günorta-günbataryndaky Ýunnan welaýatynyň Pu’er şäheriniň kofe plantasiýalary Täze ýyl baýramçylyk günlerinde köp sanly syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýurduň oba hojalygy, syýahatçylyk we kofe medeniýeti biri-biri bilen sazlaşykly ösýär.
Baýramçylyk günlerinde asuda ýerlerde rahat dynç alyp, wagtyny hoş geçirmek islän syýahatçylar Pu’er şäherine geldiler. Myhmanlar bu ýeriniň arassa howaly, kalbyňy rahatlandyryjy tebigatynyň gözelliginden lezzet aldylar. Olar kofäniň ösdürilip ýetişdirilişi we taýýarlanşy barada düşünjelerini has-da giňeldýän mümkinçilikden peýdalandylar.
Güneşli günleriň ýeterlik bolmagy, maýyl howa şertleri we bereketli toprak, ýokary hilli arabika kofesini ösdürip ýetişdirmek üçin Pu’er şäherinde amatly şertleri döredýär. Soňky ýyllarda şäherde kofe ösdürilip ýetişdirilýän plantasiýalaryň sany köpeldi. Şoňa görä-de bu ýerde dynç almak isleýän syýahatçylaryň sany hem artýar.
“Biziň taslamamyz 2025-nji ýylyň ýanwarynda başlady we şu wagta çenli Pekin, Şanhaý, Guançžou ýaly iri şäherlerden 300 müňe golaý syýahatçyny kabul etdik” diýip, “Windy Coffee Valley” toplumyndaky “Beautiful Star Village” taslamasynyň müdiri Dai Siaoýan pikirini paýlaşdy.
Bu ýerde myhmanlar kofe miwesini ýygnamak, guratmak, gowurmak, tagamyny dadyp görmek we baha bermek ýaly kofe taýýarlamagyň ähli tapgyrlaryna syn edip bilýärler hem-de kofe bilen bagly özleriniň ýadygärlik sowgatlaryny döredýärler.
Hytaý dünýäde iri kofe sarp ediji bazarlaryň birine öwrülýär. Munuň netijesinde Pu’er ýaly kofe ösdürilip ýetişdirilýän sebitlerde çig maly eksport etmekden, ýokary hilli kofäniň önümçiligi bat alýar.
Kofe önümçiligini syýahatçylyk bilen utgaşdyrmak ýerli daýhanlar üçin hem täze girdeji mümkinçiliklerini döredýär. “Öňler kofe ekilýän meýdan azdy, biz beýleki oba hojalyk işleri bilen meşgullanyp, sähel girdeji gazanýardyk. Häzir bolsa syýahatçylyk bilen bagly işler girdejimizi ep-esli artdyrdy” diýip, ýerli daýhan Huan Ýübin pikirini paýlaşdy.
Pu’er şäherinde kofe syýahatçylygy dynç alşyň diňe täze bir görnüşi bolman, eýsem oba ýerleriniň ösüşine we ýerli ilatyň durmuş şertleriniň gowulanmagyna hem goşant goşýar.







