Hytaý täze turboganatly hereketlendirijiniň sowuk şertlerde otlanyş synagyny üstünlikli geçirdi

Hytaýyň 1200 kilowatt kuwwatlylygy bolan iň täze turboganatly hereketlendirijisi minus 30°C sowuk derejede otlanyş synagyny üstünlikli geçdi. Turboganatly hereketlendirijiniň synagy hepdäniň penşenbe güni ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Heilunszian welaýatynyň merkezi Harbin şäherinde geçirildi.
Hytaýyň AECC Harbin Dong’an Engine kompaniýasy tarapyndan özbaşdak işlenip düzülen bu turboganatly hereketlendiriji ýer şertlerinde −30°C temperaturada durnukly işleýşini görkezdi. Bu bolsa ylmy-barlag we taslama işleriniň synag arkaly tassyklama tapgyryna geçendigini aňladýandyr.
Täze turboganatly hereketlendiriji ýokary howpsuzlygy we baha taýdan amatlylygy bilen tapawutlanýandyr. Onuň uzak möhletli hyzmat ediş mümkinçiligi bolup, ýangyjy hem has tygşytly sarp edýändir.
Turboganatly hereketlendirijileriň umumy awiasiýa uçarlarynda, şol sanda uçarmansyz uçýan enjamlarynda giňden ulanylmagy göz öňünde tutulýar.







