2021–2025 ýyllar aralygynda Hytaýda seýilgähli şäherleriň sany artdy

Ýanwar 19, 2026 | 17:53 |108
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaý 2021-nji –2025-nji ýyllary öz içine alýan 14-nji Bäşýyllyk maksatnamasy döwründe şäherleriň ekologiýa taýdan arassa bolmagyny yzygiderli öňe sürüp, şäher seýilgähleriniň ösüşine itergi berdi.

Şäherler gurlanda ilatyň zerurlyklaryny ileri tutmak we daşky gurşawy aýawly saklamak arkaly, tutuş ýurt boýunça şäherlerde bag-bakjaly meýdanlaryň sany artdy hem-de adamlaryň ýaşaýyş şertleri gowulaşdy.

Soňky maglumatlara görä, şäher ýerlerindäki ýaşyl we bag-bakjaly ýerleriň meýdany 43 göterim köpelip, adam başyna düşýän seýilgäh meýdany 15.9 inedördül metre ýetdi. Bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 1.1 inedördül metr köpdür.

Diňe soňky bir ýylyň dowamynda 4 700-den gowrak kiçi seýilgähler döredildi hem-de uzynlygy 5800 kilometrden gowrak ýaşyl ýodalar guruldy.

Şäher seýilgähleriniň gurulmagy şäherleri meýilleşdirmek, ösdürmek we dolandyrmak işinde ekologiýa taýdan bähbitli mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa adamlaryň tebigat bilen aragatnaşyk saklamak we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak isleglerini doly kanagatlandyrar” diýip, Hytaýyň Şäher binägärligi jemgyýetiniň ýolbaşçysy Li Ruşen düşündirdi.

14-nji Bäşýyllyk maksatnamasynyň başlanyndan bäri şäher seýilgähleriniň we bag-bakjaly ýaşyl meýdanlaryň ösüşi boýunça birnäçe düzgünler kabul edildi. Olar “Ýokary hilli şäher ösüşini öňe sürmek pikirleri”, “Şäher we oba gurluşygynda baglygy ösdürmek pikirleri” hem-de “Şäherleriň durkuny täzelemek pikirleri” ýaly düzgünleri öz içine alýandyr.

Şäherleriň durkuny täzelemek boýunça tutumlar seýilgähleriň meýdanynyň artmagyna getirdi, şäherlere baha beriş ulgamyna bolsa seýilgäh hyzmatlarynyň görkezijisi girizildi. Bu çäreler seýilgähleriň has amatly ýerleşdirilişine ýardam berdi.

Hytaýda 14-nji Bäşýyllyk maksatnamasy döwründe şäherlerde jemi 19 müň sany kiçi seýilgähler we 27 müň kilometrden gowrak ýaşyl ýodalar guruldy. Seýilgähleriň sany artmagy bilen gijeki ylgaw, bedenterbiýe we dynç alyş ýaly çäreler üçin mümkinçilikler köpeldi.

Şeýle-de bu döwürde ýurt boýunça jemi 19 müň gektar seýilgähler ulanylmaga berildi. “Seýilgähleriň çäginde stolda oýnalýan tennis” ýaly tutumlar arkaly ýerli häkimiýetler seýilgählerde 215 müň sany täze sport desgalaryny gurdy.

2026-njy – 2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji Bäşýyllyk maksatnamada beýan edilen tekliplerde şäherleriň durkuny täzelemeklige aýratyn üns berilýär. Şeýle hem halk üçin ýaşamaga oňaýly, innowasiýaly, owadan, rahat, medeniýetli we öňdebaryjy tehnologiýaly şäherleri gurmagyň zerurlygy bellenilýär.

Häzirki wagtda ýerli häkimiýetler şäherleriň durkuny täzelemekligiň çäklerinde landşaft we bag ekmek boýunça “bahalandyrmak–meýilnamalaşdyrmak–durmuşa geçirmek” usullaryny kämilleşdirýärler.

“Geljekde ministrlik halkyň peýdalanmagy üçin kiçi seýilgähleriň we şäherleriň ýaşyl ýodalarynyň gurluşygyny, täze seýilgähleri açmaklygy dowam etdirer. Biz ilat üçin has howpsuz, amatly we owadan ýaşyl dynç alyş ýerlerini dörederis, köne şäher seýilgähleriniň durkuny täzelemekde ýerli häkimiýetlere goldaw bereris, ilatyň dynç almak mümkinçiliklerini artdyrarys hem-de ekologiýanyň halkyň bähbidine has gowy hyzmat etmegini üpjün ederis.” diýip, Ýaşaýyş jaý we şäher-oba gurluşygy ministrliginiň Şäher gurluşygy bölüminiň müdiriniň orunbasary Wan Kaýfen düşündirdi.

Beýleki habarlar