Kanada Hytaýda öndürilen elektromobilleri import etmek üçin nyrh haklaryny hödürlär

Kanada Hytaýda öndürilen elektromobilleri import etmek üçin ýylda 49 müň birlik möçberinde nyrh hakyny hödürlär. Bu haklaryň çäginde import edilýän elektromobiller goşmaça 100 göterimlik tölegsiz, iň amatly şertler düzgünine laýyklykda 6,1 göterimlik nyrh bilen salgytlanylar. Bu barada Hytaýyň Söwda ministrligi habar berdi.
Edarada anyklanylmagyna görä, haklaryň möçberi her ýyl bellenen ölçege laýyklykda artdyrylar. Ministrligiň wekili muny Kanada tarapyndan ädilen oňyn ädim we Kanada bazaryndaky ornuny giňeltmäge gyzyklanýan hytaý elektromobil öndürijileri üçin hoş habar hökmünde häsiýetlendirdi.
Hytaý tarapy Kanadanyň öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirjekdigine we bu ugurda Hytaý bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigine umyt bildirdi. Bellenilişi ýaly, dostlukly geňeşmeler arkaly taraplar elektromobil pudagynda söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin has adalatly, durnukly we deňhukukly gurşawy kemala getirip bilerler.
Ministrlikde soňky döwürde Hytaý bilen Kanadanyň ykdysadyýet we söwda ulgamlarynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça dürli derejelerde birnäçe tapgyr intensiw geňeşmeleriň geçirilendigi barada hem habar berildi.
Gepleşikleriň netijesinde elektromobiller, polat we alýuminiý önümleri, raps, şeýle hem oba hojalyk we balyk önümleri ýaly ugurlar boýunça deslapky ylalaşyklar gazanyldy. Mundan başga-da, taraplar göni howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak, işewürlik gurşawyny gowulandyrmak hem-de oba hojalyk önümleriniň barlag we karantin düzgünlerini kämilleşdirmek meseleleri boýunça oňyn karara geldiler.
Hytaýyň Söwda ministrliginde nygtalyşy ýaly, kabul edilen çözgütler diňe bir özara ykdysady we söwda meselelerini çözmek ýolunda möhüm ädim bolman, eýsem Hytaý bilen Kanadanyň arasynda ikitaraplaýyn ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmak üçin täze başlangyç nokady bolup durýar.







