Hytaý 2026-njy ýylda serhetüsti söwdany ýeňilleşdirmek boýunça çäreleri giňelder

2026-njy ýylda Hytaý serhetüsti söwdany ýeňilleşdirmäge gönükdirilen ýörite çäreleriň täze tapgyryny işe girizer. Bu barada Pekinde geçirilen gümrük işleri boýunça umumyhytaý maslahatynda Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirliginiň ýolbaşçysy Sun Meýszýun mälim etdi.
Onuň sözlerine görä, 2021–2025-nji ýyllary öz içine alýan 14-nji bäşýyllyk meýilnamanyň döwründe hytaý gümrük gullugy her ýyl umumy bahasy 42,3 trillion ýuana, ýagny takmynan 6,07 trillion ABŞ dollaryna barabar bolan ortaça 5,2 milliard tonna import we eksport ýükleriniň resmileşdirilmegini üpjün etdi.
Bu döwürde Hytaýda bitewi gümrük resmileşdiriş ulgamy doly durmuşa geçirildi, 19 sany täze toplumlaýyn bond zolaklary döredildi, şeýle hem daşary söwda üçin 41 port açyldy ýa-da giňeldildi.
Sun Meýszýun 2026-njy ýylda öňe sürüljek täze başlangyçlaryň daşary söwdanyň innowasion taýdan has-da ösmegine itergi berjekdigini belledi. Hususan-da, serhetüsti elektron söwda, daşary ýurt ammarlary, pes beýiklikli giňişlik ykdysadyýeti, bazar arkaly satyn alyşlar, gümrük ammarlary, önümleri synagdan geçirmek we dikeltmek ýaly işewürligiň täze görnüşlerini we nusgalaryny goldamak meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, çäreler aralyk harytlar bilen söwdany giňeltmäge, sanly hem-de «ýaşyl» söwdany ösdürmäge gönükdiriler. Şol bir wagtda hytaý gümrük gullugy ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň, sarp ediş harytlarynyň we genetiki serişdeleriň importyny ýeňilleşdirmek maksady bilen barlag we karantin ulgamyndaky gözegçilik nusgalaryny kämilleşdirer.
Häzirki wagtda Hytaý dünýäniň 160-dan gowrak ýurdy we sebiti üçin iň iri üç söwda hyzmatdaşyň hataryna girýär.







