Iu şäheriniň daşary söwdasy 2025-nji ýylda taryhy iň ýokary derejä ýetdi

“Dünýä supermarketi” hökmünde tanalýan Gündogar Hytaýdaky Iu şäheriniň daşary söwda dolanyşygy 2025-nji ýylda rekord derejä ýetip, 836,5 milliard ýuan ýa-da 119,37 milliard ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada şenbe güni Iu gümrük gullugy habar berdi.
Import aýratyn ýokary ösüşi görkezdi. Onuň göwrümi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 32,3 göterim artyp, 105,8 milliard ýuana ýetdi we ilkinji gezek 100 milliard ýuandan geçdi.
Çžeszýan welaýatynda ýerleşýän Iu şäheri köp ýyllardan bäri Hytaýyň açyklyk syýasatynyň işjeň merkezleriniň biri bolup durýar. Iu şäheriniň halkara söwda bazarynda takmynan 80 müň söwda nokady hereket edýär, olarda 2,1 milliondan gowrak haryt görnüşi hödürlenýär. Şäheriň söwda gatnaşyklary dünýäniň 233 ýurdyny we sebitini birleşdirýär.
2025-nji ýylda Iu ýagny Susi halkara portunyň işe girizilmegi, şeýle-de Iu Ählumumy sanly söwda merkeziniň açylmagy daşary söwdanyň ösmegine goşmaça itergi berdi. Bu taslamalar şäheriň logistika we sanly söwda ekoulgamyny giňeldip, az möçberli harytlaryň dünýä bazarlaryna has çalt çykmagyna mümkinçilik döretdi.







