Airbus: Awiasiýa hyzmatlary bazarynda Hytaý 2044-nji ýyla çenli dünýäde öňdebaryjy bolar

Ýanwar 17, 2026 | 18:07 |82
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Airbus kompaniýasynyň penşenbe güni çap eden soňky Global Hyzmatlar Çaklamasyna görä, Hytaý döwleti 2044-nji ýyla çenli dünýäniň iň iri awiasiýa hyzmatlary bazaryna öwrüler. Şeýle hem, bu çaklamalara görä, Hytaýyň awiasiýa hyzmatlary bazarynyň möçberi 2025-nji ýyldaky 24 milliard 800 million ABŞ dollary möçberinden, 2044-nji ýyla çenli 63 milliard 800 million ABŞ dollary möçberine ýeter.

Hasabatda awiasiýa boýunça satuwdan soňky hyzmatlaryň ösüşiniň Aziýa tarap süýşýändigi bellenilýär. Hususan-da, sanly ulgam we arabaglanyşyk hyzmatlary batly depginde ösjek ugurlar bolup, olaryň bazarynyň möçberi 2025-nji ýyldaky 1 milliard 400 million ABŞ dollary möçberinden, 2044-nji ýyla çenli 5 milliard 100 million ABŞ dollary möçberine ýeter.

Häzirki wagtda Hytaý döwleti uçarlarynyň möçberi boýunça Airbus kompaniýasynyň iň iri ýeke-täk ýurt bazary bolup durýar. Geljek 20 ýylyň dowamynda Hytaýyň 9 müň 570-e golaý täze uçarlary satyn almaklygyna garaşylýar. Bu bolsa uçarlaryň ulanylýan döwründe hyzmatlara bolan islegleri ep-esli artdyrar.

Airbus kompaniýasynyň çaklamasyna görä, Hytaýyň dünýä awiasiýa hyzmatlary bazaryndaky paýy häzirki 15–16 göterimden, 2044-nji ýyla çenli 20 göterime barabar bolup, ýurduň bu ugurda dünýäde öňdebaryjy bazara öwrülmegine oňyn şert döreder.

Beýleki habarlar