Hytaý daşary söwdasynyň innowasion ösüşine itergi bermegi meýilleşdirýär

Ýanwar 17, 2026 | 18:04 |85
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýyň Söwda ministri Wan Wentao, Hytaýyň daşary söwdasynda innowasion ösüşi ilerletmek boýunça tagallalaryny güýçlendirjekdigini habar berdi.

Wan Wentao Hytaýyň Media Topary bilen geçiren söhbetdeşliginde, 2025-nji ýylda Hytaýyň haryt söwdasynyň ýyllyk hasapda 3.8 göterim artyp, 45 trillion 470 milliard ýuana, ýagny 6 trillion 530 milliard ABŞ dollary möçberine ýetendigini aýtdy.

Bu görkeziji ilkinji gezek 45 trillion ýuan çäginden geçdi we Hytaýyň dünýäde haryt söwdasy boýunça öňdebaryjy ornuny saklap galmagyna garaşylýar.

Wan Wentaonyň sözlerine görä, häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini gowşak bolup, geosyýasy dartgynlylyklar dowam edýär we halkara söwdada näbellilikler artýar. Bütindünýä Söwda Guramasy hem 2026-njy ýyl üçin dünýä söwdasynyň ösüş çaklamasyny 0.5 göterime çenli peseltdi.

Şu şertlerde Hytaýyň harytlar we hyzmatlar söwdasynyň hem-de sanly söwdasynyň utgaşykly ösüşini ilerletmek bilen, daşary söwdanyň durnuklylygyny ýokarlandyrar. Şeýle hem ýurt bazarlaryny dürli ugurlar boýunça giňelder, halkara elektron söwdasyna itergi berer, 30 sany ýurt bilen baglaşylan 23 sany erkin söwda ylalaşygynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanar hem-de sergiler we ýörite maksatly satyn alyşlar arkaly importy ösdürer.

Beýleki habarlar