Hytaý elektromobilleriň ulanylan akkumulýatorlarynyň gaýtadan işlenmegine itergi berer

Ýanwar 17, 2026 | 17:56 |111
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaý elektromobilleriň ulanylan akkumulýatorlarynyň gaýtadan işlenmegine itergi berer we toplumlaýyn peýdalanylmagyny güýçlendirer. Bu barada Senagat we maglumatlar tehnologiýalary ministrligi hem-de beýleki bäş edaranyň bilelikde kabul eden wagtlaýyn düzgünlerinde aýdylýar. Düzgünler 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinden güýje girer.

Düzgünlere laýyklykda, her bir elektromobiliň akkumulýatoryna sanly aýratyn belgi berler. Bu çäre Hytaýda elektromobil pudagynyň batly depginde ösýänligi bilen baglanyşyklydyr: 2025-nji ýylda elektromobilleriň öndürilişi we satuwy 16 milliondan geçip, umumy täze ulaglaryň içerki bazardaky satuwynyň ýarysyndan gowragyny düzdi.

Öňki akkumulýatorlaryň hyzmat ediş möhletiniň tamamlanmagy bilen ulanylan akkumulýatorlaryň sany hem köpelýär; 2030-njy ýyla çenli olaryň möçberiniň 1 million tonnadan geçmegine garaşylýar. Senagat we maglumatlar tehnologiýalary ministrliginiň bellemegine görä, täze düzgünler akkumulýatorlaryň önümçiliginden başlap, olary ulaglara oturtmak, gaýtadan işlemek we gaýtadan ulanmak tapgyrlaryny yzarlamak boýunça milli maglumat meýdançasynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Bu düzgünnama gaýtadan işlemek boýunça kadalary standartlaşdyrmaga, pudak boýunça jogapkärçiligi anyklamaga hem-de ulanylan akkumulýatorlaryň howpsuz, netijeli we ekologiýa taýdan ygtybarly dolandyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Beýleki habarlar