Hytaý 13 ýyl bäri dünýäde iň uly onlaýn bölekleýin söwda bazary bolup gelýär

Ýanwar 16, 2026 | 18:36 |101
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Resmi maglumatlara görä, Hytaý döwleti bassyr 13 ýyl bäri dünýäde iň uly onlaýn bölekleýin söwda bazary bolup gelýär. Ýurduň sanly sarp edijiliginiň möçberi 23 trillion 800 milliard ýuandan (ýagny 3 trillion 390 milliard ABŞ dollaryndan) geçdi.

Bu barada, milli elektron söwda boýunça hepdäniň sişenbe – çarşenbe günleri geçirilen iş maslahatynda habar berildi.

Iş maslahatynyň dowamynda soňky bäş ýylda Hytaýyň elektron söwda pudagynyň durnukly ösüş gazanandygy, onuň täze hilli öndürijilik güýçlerini ösdürmegiň möhüm çeşmesine öwrülendigi hem-de ýurduň täzeçe ösüş modelini ösdürmekde möhüm orny eýeländigi barada aýdyldy.

Daşarky bazarlarda näbelli ýagdaýlaryň artýandygyna garamazdan, Hytaý döwleti özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegini dowam etdirmek bilen, “Ýüpek ýoly” elektron söwdasy boýunça Hytaý bilen hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň sany 36-a ýetdi.

Elektron söwdasy häzirki wagtda täze iş orunlaryny döretmegiň we senagat taýdan täzelenmegiň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Pudakda işleýänleriň sany 78 milliondan geçdi, soňky bäş ýylda bolsa tiz eltip gowşurmalaryň möçberi ýylda ortaça 20 göterime golaý ösdi.

Internete çatylan kompýuterleriň ulgamy esasynda işleýän bulut hasaplamalary hem-de uly maglumatlar bilen baglanyşykly programma üpjünçiligi we maglumat hyzmatlary hem çalt depginde ösdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Söwda ministrliginiň 2026-njy ýyl üçin elektron söwda syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenip, innowasiýa esasly ösüşe itergi bermek, ösüş gurşawyny gowulandyrmak hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek esasy wezipeler hökmünde görkezildi.

Beýleki habarlar