Hytaýyň daşary söwda dolanyşygy 2026-njy ýylda ösüşini dowam etdirer

Ýanwar 16, 2026 | 18:33 |74
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hepdäniň penşenbe güni Hytaýyň Söwda ministrliginiň metbugat sekretary He Ýunçian Pekinde geçirilen metbugat ýygnagyndaky çykyşynda, dünýäde çylşyrymlyly ýagdaýlaryň artýandygyna garamazdan 2026-njy ýylda Hytaýyň daşary söwdasy öňegidişligini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Hytaýyň Gümrük gullugynyň Baş edarasynyň çarşenbe güni beren maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Hytaýyň ýuanda alyp baran daşary söwdasynyň möçberi geçen ýyla görä 3.8 göterim artyp, 45 trillion 470 milliard ýuana (ýagny 6 trillion 480 milliard ABŞ dollaryna) ýetdi. Agzalan döwürde eksport möçberi 6.1 göterim artyp, 26 trillion 990 milliard ýuana ýetdi, importyň möçberi bolsa 0.5 göterim ýokarlanyp, 18 trillion 480 milliard ýuana barabar boldy.

“Hytaý 2026-njy ýylda dürli hili çylşyrymly ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolar. Bu şertlerde strategik mümkinçilikler töwekgelçilikler we kynçylyklar bilen utgaşyp, öňünden görüp bolmaýan ýagdaýlar köpeler. Hytaýyň ykdysadyýetiniň binýady berkdir, ösüş üçin köp sanly artykmaçlyklary we mümkinçilikleri bardyr. Şol sanda, daşary söwdasynyň ösüşi üçin amatly şertler hem köpdür. Söwda ministrligi Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komiteti we Döwlet Geňeşi tarapyndan kabul edilen çözgütleri we meýilnamalary doly berjaý edip, innowasiýa esaslanýan ösüşe, hiliň we netijeliligiň ýokarlandyrmaga üns berer. Şeýle hem söwda bilen maýa goýumlaryň utgaşykly ösüşini höweslendirer, daşary söwda itergi berjek täze ösüş güýçlerini döreder hem-de daşary söwdanyň durnukly ösüşini berkitmek üçin ähli tagallalary eder. Munuň özi 15-nji bäşýyllyk maksatnamanyň üstünlikli başlanmagyna goşant goşar” diýip, He Ýunçian düşündirdi.

Beýleki habarlar