2025-nji ýylda Hytaýyň elektromehaniki önümleriniň eksporty artdy

“2025-nji ýylda elektromehaniki önümler ilkinji gezek Hytaýyň umumy eksportynyň 60 göteriminden gowragyny düzdi. Bu ösüş dünýä derejesindäki kynçylyklara garamazdan ýurduň daşary söwdasynyň durnuklylygyny görkezýändir” diýip, Hytaýyň Söwda ministrliginiň metbugat wekili He Ýunçian penşenbe güni Pekinde metbugat wekilleri bilen geçirilen duşuşykda aýtdy.
Onuň bellemegine görä, 2025-nji ýylda Hytaýyň daşary söwdasy dünýä ykdysady we söwda ösüşine möhüm goşant goşmagyny dowam etdirdi. Elektromehaniki önümleriň eksporty ýyllyk hasapda 9 göterim ýokarlanyp, innowasion ösüş depgininiň güýçlenendigini görkezdi. Şol bir wagtda daşky gurşawa zyýansyz we pes uglerodly önümleriň halkara bäsdeşlik ukyby ep-esli ýokarlandy, halkara elektron söwdasy ýaly täze iş görnüşleri bolsa köpeldi.
Resmi maglumatlara görä, 2025-nji ýylda Hytaýyň daşary söwdasy ýuan bilen hasaplananda geçen ýyla görä 3.8 göterim artdy we umumy möçberi 45 trillion 470 milliard ýuana (ýagny 6 trillion 480 milliard ABŞ dollaryna) ýetdi.
2025-nji ýylda eksportyň möçberi 6.1 göterim ýokarlanyp, 26 trillion 990 milliard ýuana ýetdi, importyň möçberi bolsa 0.5 göterim artdy we 18 trillion 480 milliard ýuana barabar boldy. Hytaýyň Gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, Hytaýyň daşary söwdasy 2017-nji ýyldan bäri yzly-yzyna dokuz ýyl bäri ösüşini saklap gelýär.







