2025-nji ýylda Hytaýyň doly ýapylmadyk jemgyýetçilik maliýe serişdeleriniň möçberi artdy

Hepdäniň penşenbe güni Hytaýyň Merkezi bankynyň beren maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli, Hytaýyň ykdysadyýetine gönükdirilen, doly ýapylmadyk umumy jemgyýetçilik maliýeleşdirmesiniň möçberi 442 trillion 120 milliard ýuana (ýagny 63 trillion 400 milliard ABŞ dollaryna) ýetip, ýyllyk hasapda 8.3 göterim artdy.
Hytaýyň Merkezi bankynyň beren maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda umumy jemgyýetçilik maliýeleşdirmesi 35 trillion 600 milliard ýuana (ýagny 5 trillion 100 milliard ABŞ dollaryna) barabar boldy. Bu görkeziji 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 3 trillion 340 milliard ýuan (ýagny 479 milliard ABŞ dollary) möçberinde artykdyr.
Maglumatlara görä, dolanyşykdaky nagt pullaryň we ähli goýumlaryň jemini görkezýän M2 görkezijisi dekabr aýynyň ahyryna 340 trillion 290 milliard ýuana (ýagny 48 trillion 800 milliard ABŞ dollaryna) ýetip, ýyllyk hasapda 8.5 göterim köpeldi.
Şeýle hem 2025-nji ýylyň ahyryna, Hytaýyň milli walýutasynda berlen karzlaryň doly ýapylmadyk böleginiň umumy möçberi 271 trillion 910 milliard ýuana (ýagny 39 trillion ABŞ dollaryna) ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6.4 göterim artdy.







