Bahar baýramy mynasybetli milli onlaýn söwda çäresi geçiriler

Hepdäniň penşenbe güni Bahar baýramy mynasybetli milli onlaýn söwda çäresiniň geçiriljekdigi barada Hytaýyň Söwda ministrligi habar berdi. Şu ýyl Bahar baýramy 17-nji fewrala gabat gelýär.
Pekinde metbugat wekilleri bilen geçirilen duşuşykda, Söwda ministrliginiň wekili He Ýunçian bu çäräniň Söwda ministrligi tarapyndan beýleki birnäçe döwlet edaralary bilen bilelikde gurnalýandygyny aýtdy. Onlaýn söwda çäresi 19-njy ýanwardan 4-nji mart aralygynda geçiriler.
“Baýramçylyga bagyşlanyp öndürilen önümleriň satuwy boýunça bu onlaýn söwda çäresi dört sany esasy ugra, ýagny milli däp-dessurlary we medeniýeti öňe sürmeklige, ýokary hilli önümleriň satuwyny giňeltmeklige, sarp edilýän harytlaryň görnüşlerini baýlaşdyrmaklyga hem-de içerki we halkara bazarlaryny özara baglanyşdyrmaklyga gönükdiriler. Şeýle hem dürli sebitlerdäki elektron söwda meýdançalarynyň gatnaşmagynda giň gerimli, gyzykly we ýörite çäreleriň gurnalmagy meýilleşdirilýär. Bu çäreler sarp edijilik mümkinçiliklerini has-da işjeňleşdirmäge ýardam berer” diýip, Söwda ministrliginiň wekili He Ýunçian aýtdy.







