2025-nji ýylda Hytaýyň daşary söwdasy 3.8 göterim artdy

Ýanwar 15, 2026 | 18:30 |105
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



2025-nji ýylda Hytaýyň daşary söwdasynyň möçberi yuan hasabynda ýyllyk 3.8 göterim artdy. Bu barada Pekinde Döwlet Geňeşiniň Maglumatlar edarasynyň metbugat wekilleri bilen geçiren duşuşygynda, Hytaýyň Baş Gümrük Gullugy tarapyndan habar berildi.

“Gümrük edaralarynyň maglumatyna görä, 2025-nji ýylda Hytaýyň haryt importynyň we eksportynyň umumy möçberi 45 trillion 470 milliard yuana (ýagny 6 trillion 480 milliard ABŞ dollaryna) ýetdi. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 3.8 göterim ýokarydyr. Şol umumy görkezijiniň içinde, eksport möçberi 6.1 göterim artyp, 26 trillion 990 milliard yuana (ýagny 3 trillion 850 milliard ABŞ dollaryna) ýetdi, import möçberi bolsa 0.5 göterim ýokarlanyp, 18 trillion 480 milliard yuana (ýagny 2 trillion 630 milliard ABŞ dollaryny) ýetdi” diýip, Hytaýyň Baş Gümrük Gullugynyň başlygynyň orunbasary Wan Sziun habar berdi.

Onuň bellemegine görä, 2025-nji ýylyň daşary söwdanyň görkezijileri taryhy taýdan iň ýokary derejä ýetdi. Hytaý döwleti dünýäde haryt söwdasy boýunça geljekde-de öňdebaryjy ýurt hökmünde ornuny saklamagy dowam etdirer.

Beýleki habarlar