2025-nji ýylda Hytaýyň importynyň düzümi oňyn özgerdi

2025-nji ýylda Hytaýyň importynyň düzümi oňyn özgermek bilen, ýokary tehnologiýaly we goşmaça gymmaty ýokary bolan önümleriň importy artdy. Bu bolsa Hytaýyň önümçilik pudagynynyň tehnologiýa taýdan kämilleşdirilýändigini görkezýändir.
Resmi maglumatlara görä, integrirlenen mikroshemalar, ýarymgeçirijileri öndürýän enjamlar we ýokary takyklygy bolan gurallar ýaly möhüm önümleriň importy 2025-nji ýylda yzygiderli artdy.
Nebit we demir ýaly çig mallaryň importy durnukly saklandy. Şol bir wagtyň özünde, sarp ediş harytlarynyň düzümi ösüş görkezdi. Azyk önümleriniň, gündelik ulanylýan harytlaryň we lukmançylyk serişdeleriniň importy hem artdy.
“Import harytlarynyň düzümindäki üýtgeşmeler üç ugur boýunça bähbitlidir. Birinjiden, wajyp bolan ýokary tehnologiýaly önümleriň importy Hytaýyň önümçilik zynjyrynyň durnuklylygyny üpjün edýär. Ikinjiden, gury ir-iýmişler we ter miweler ýaly oba hojalyk önümleriniň importy Hytaý bilen beýleki ösüp barýan ýurtlaryň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine itergi berýär. Üçünjiden bolsa, medeni we dynç alyş maksatly sarp edijilik harytlarynyň importy içerki bazary baýlaşdyrýar hem-de içerki sarp edijiligiň batly depginde gowulaşýandygyny görkezýär” diýip, Hytaýyň Döwlet maglumatlar merkeziniň makroykdysady müdirliginiň başlygy Ýan Min habar berdi.
2025-nji ýylda Hytaýyň import ugurlary has-da giňedi. Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň birleşmesine agza (ASEAN) ýurtlary Hytaýyň iri import hyzmatdaşlary bolmagynda galmak bilen, şol bir wagtyň özünde ösüp barýan ýurtlardan gelýän importyň paýy hem ep-esli artdy.
Şeýle hem, Hytaý dünýäniň 110-dan gowrak ýurtlary bilen import we eksport möçberini artdyrdy. Bu bolsa üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny pugtalandyrdy we döräp biläýjek howplaryň öňüni almak mümkinçiligini artdyrdy.
“Importyň yzygiderli ösüşi içerki bazardaky islegleriň durnuklaşandygyny, şeýle hem içerki hem-de halkara bazarlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn dolanyşygyň bökdençsiz işleýändigini görkezýär. Hytaýyň importynyň durnuklylygy we giň bazary, dünýä ýurtlarynda islegleriň artmagyna we ösüşe mümkinçilikleri döredýär hem-de bütindünýä söwda dolanyşygyny kämilleşdirmeklige ýardam berýär” diýip, Ýan Min sözüniň üstüni ýetirdi.







