Diwersifikasiýa we innowasiýa 2025-nji ýylda Hytaýyň eksportynyň ösüşine itergi berdi

Bütindünýäde ykdysady kynçylyklaryň artmagyna garamazdan, 2025-nji ýylda Hytaýyň eksporty durnukly ösüş görkezdi. Muňa söwda hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlar boýunça alnyp barylmagy we önümçilikde innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy mümkinçilik döretdi.
Hepdäniň çarşenbe güni berlen resmi maglumatlara görä, 2025-nji ýylda Hytaýyň eksportynyň umumy möçberi 26 trillion 990 milliard ýuana (ýagny 3 trillion 870 milliard ABŞ dollaryna) ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6.1 göterim artypdyr. Senagat önümleriniň eksporty 9 ýyl bäri durnukly ösüşini saklaýar.
Hytaýyň eksportyna aýlaryň jemleri boýunça seredilende, ýylyň dowamynda kadaly ösüş görkezdi we diňe oktýabr aýynda biraz peselme hasaba alyndy.
Söwda ugurlary boýunça seredilende, 2025-nji ýylyň 11 aýynyň jemi boýunça Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Bileleşigine girýän ýurtlar (ASEAN) Hytaýyň iň iri söwda hyzmatdaşlary boldy. Bu ýurtlar boýunça eksportyň möçberi 14.6 göterim artyp, 4 trillion 290 milliard ýuana (ýagny 615 milliard ABŞ dollaryna) barabar boldy.
Hytaý eksporty boýunça Ýewropa Bileleşigi ikinji orny eýeleýär. Ýewropa döwletlerine 3 trillion 640 milliard ýuan (ýagny 522 milliard ABŞ dollary) möçberinde Hytaý harytlary eksport edildi. Bu görkeziji 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8.9 göterim ýokarydyr.
2025-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlary aralygynda “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyna gatnaşýan ýurtlara eksportyň möçberi 12 trillion 340 milliard ýuana (ýagny 1 trillion 770 milliard ABŞ dollaryna) ýetip, ýyllyk 11.3 göterim köpeldi we eksportyň umumy möçberiniň ýarysyndan gowragyny düzdi.
“2025-nji ýylyň 11 aýynyň jemi boýunça, Hytaýyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna eksportynyň möçberi 18.3 göterim azaldy. Emma muňa garamazdan, umumy alanyňda eksport durnuklylygyny saklady. Bu ýagdaý Hytaýyň eksport mümkinçiliginiň kuwwatlydygyny görkezýändir. Ýagny, birinjiden, senagat binýadynyň berk bolmagy eksporty güýçlendirdi, Hytaýyň senagat pudaklary ýokary tehnologiýaly we ekologiýa taýdan arassa önümçilige tarap ösmegini dowam etdirdiler” diýip, Milli ösüş we özgertmeler komitetiniň garamagyndaky Döwlet maglumat merkeziniň Ykdysady çaklamalar müdirliginiň başlygy Ýan Min habar berdi.
“Ikinjiden bolsa, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy eksportdaky bäsdeşlik mümkinçiliklerini artdyrdy. Hytaý döwleti ylym-tehnologiýa, önümçilik we kärhanalar derejesindäki innowasiýalary güýçlendirdi. Kärhanalar täze daşary söwda usullaryny özleşdirýärler, hyzmatlaryň we söwdanyň sanly ulgama geçirilmegi bolsa haryt eksportyna güýçli goldaw berýär. Üçünjiden hem, eksport bazarlarynyň giňelmegi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bazarlarynda Hytaý harytlaryna bolan islegleriň peselmeginiň öwezini doldy” diýip, Ýan Min sözüniň üstüni ýetirdi.
Düzümleýin seredenimizde, Hytaýyň eksporty goşmaça gymmaty has ýokary bolan önümlere geçýär. 2025-nji ýylyň 11 aýynda maşyngurluşyk we elektrotehnika önümleri eksportyň umumy möçberiniň 60.9 göterimini düzdi we daşary söwdanyň esasy sütüni bolup hyzmat etdi.
Integrirlenen mikroshemalaryň eksporty sekiz aý yzygiderli 20 göterimden ýokary ösüş gazandy. Önümçilik maksatly robotlaryň mukdary we bahasy hem ýokarlandy. Şeýle-de “täze üçlük” diýlip atlandyrylýan elektrik awtoulaglaryň, litiý-ion akkumulýatorlarynyň we günden energiýa toplaýan panelleriň eksporty, umumylykda 20 göterimden gowrak ösüş görkezdi.







