Hytaýda awtoulag önümçiligi we satuwy 2025-nji ýylda rekord derejä ýetdi

2025-nji ýylda Hytaýda awtoulag önümçiligi we satuwy 34 million birlikden geçip, taryhy iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada pudagyň çarşenbe güni çap edilen resmi maglumatlarynda aýdylýar.
Hytaýyň Awtoulag Öndürijiler Birleşmesiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ýurtda awtoulag önümçiligi 34 million 531 müň birlige ýetip, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10.4 göterim artdy. Awtoulaglaryň satuwy bolsa ýyllyk hasapda 9.4 göterim ýokarlanyp, 34 million 400 müňe ýetdi.
Awtoulag Öndürijiler Birleşmesiniň bellemegine görä, Hytaý döwleti awtoulag önümçiligi we satuwy boýunça indi 17 ýyl bäri dünýäde öňdeligi saklap gelýär. Şeýle hem soňky üç ýylyň dowamynda awtoulag önümçiligi yzygiderli 30 million birlikden ýokarda saklanýar.
Täze energiýaly awtoulaglar ýokary ösüş depginini görkezdi. 2025-nji ýylda olaryň önümçiligi 16 million 626 müňe ýetip, 29 göterim ýyllyk ösüşi, satuwy bolsa 16 million 490 müňe ýetip, 28.2 göterim ýyllyk ösüşi görkezdi. Hytaý döwleti 11 ýyl bäri bu ugurda dünýäde öňdeligini saklap gelýär.
Şol bir wagtyň özünde, 2025-nji ýylda Hytaýyň awtoulag eksporty hem täze rekord goýup, 7 million birlikden geçdi. Diňe täze energiýaly awtoulaglaryň eksporty 2 million 615 müňe ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esse artdy.







