2025-nji ýylda ŞHG-niň Lianýungan halkara logistika meýdançasynyň ýük dolanyşygy 84 mln tonna ýetdi

Ýanwar 14, 2026 | 21:11 |57
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýyň Sziansu welaýatynda ýerleşýän, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna hyzmat eýän Lianýungan halkara logistika meýdançasynyň ýük dolanyşygy 2025-nji ýylda 84 million 360 müň tonna ýetdi. Nanszin Gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 13.52 göterim ýokarlandy.

Resmi statistika laýyklykda, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna hyzmat edýän bu logistika meýdançasynyň konteýner dolanyşygy 2025-nji ýylda 677 müň birlige deň boldy. Bu görkeziji 4.48 göterim ýyllyk ösüşi görkezmek bilen, taryhy taýdan iň ýokary derejä çykdy.

Şol bir wagtyň özünde, meýdançanyň esasy logistika amallaryndan alnan girdejisi 4 milliard 750 million ýuana (ýagny 680 million 750 müň ABŞ dollaryna) ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 13.86 göterim artdy. Bu bolsa logistika geçelgeleriniň ösüşine täze itergi berdi.

2015-nji ýylda açylan logistika meýdançasy arkaly awtoulag, demir ýol, derýa we deňiz gatnawlaryny öz içine alýan köpugurly logistika ulgamyny döredildi. Şeýle hem, bu meýdança häzirki zaman logistika hyzmatlary bilen bir hatarda, täze materiallar we täze energiýa ýaly pudaklar bilen hem utgaşykly ösdürilýär.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ilkinji taslamalarynyň biri hökmünde, bu logistika meýdançasy Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýär.

Beýleki habarlar