Hytaý 2035-nji ýyla çenli şäherlerde zyňyndysyz önümçiligi ýola goýmagy maksat edinýär

Hytaýyň Ekologiýa we Daşky Gurşaw Ministrliginiň hepdäniň sişenbe güni beren maglumatyna görä, Hytaý hökümeti 2035-nji ýyla çenli ýurduň ähli şäherlerinde zyňyndysyz önümçiligi ýola goýmak strategiýalaryny kabul etmegini, tutuş ýurt boýunça durnukly we toplumlaýyn gaty galyndylary dolandyrmak ulgamyny döretmegi maksat edinýär.
“Ýurduň şäherlerinde zyňyndysyz önümçiligi ýola goýmak maksady bilen, 2027-nji ýyla çenli Hytaý hökümeti özüniň synag ediş maksatnamasyny ýurduň 60 göterimini öz içine alar ýaly giňeltmegi we gaty galyndylaryň möçberini ep-esli azaltmagy göz öňünde tutýar” diýip, Ekologiýa we Daşky Gurşaw Ministriniň orunbasary Li Gao Pekinde geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.
“2026-njy – 2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji bäş ýyllyk maksatnamanyň döwründe, biz zyňyndysyz önümçilik ýola goýlan şäherleriň sanyny 200-e ýetirmekligi maksat edinýäris hem-de Pekin – Týanszin – Hebeý sebitinde, Ýanszy derýasynyň deltasynda, Guandun – Gonkong – Makao uly aýlagynda, Ýanszy derýasynyň orta akymynyň şäherler toplumynda we Çendu-Çunsin sebitinde zyňyndysyz önümçiligi ýola goýmak barada tagalla ederis“ diýip, Li Gao sözüniň üstüni ýetirdi.
Zyňyndysyz önümçiligi ýola goýmak maksatnamasy boýunça synagdan geçirmek üçin 2019-njy ýylda Hytaýda 11 sany şäher we bäş sany sebit saýlanyp alyndy. Bu maksatnama önümçilik ýerlerinde zyňyndylary we zibilleri azaltmaga hem-de olaryň gaýtadan işlenişini artdyrmaga gönükdirilendir.
2021-nji – 2025-nji ýyllary öz içine alan 14-nji bäş ýyllyk maksatnamanyň çäginde Hytaýda zyňyndysyz önümçiligi ýola goýmak maksady bilen 113 sany prefektura derejesindäki şäherler we sekiz sany ýörite sebitler bellenipdi. Şol döwürde 560 milliard ýuana (ýagny 80 milliard ABŞ dollaryna) golaý maýa goýumy arkaly 3000-den gowrak gaty galyndylary dolandyrmak taslamalary durmuşa geçirildi.
Hytaý hökümeti “zyňyndysyz şäher” hökmünde diňe hiç hili zyňyndy çykarmaýan şäheri däl-de, eýsem daşky gurşawa zyýansyz önümçilik we durmuş ýörelgelerinden ugur almak bilen, önümçilik ýerlerinde zyňyndylaryň we zibilleriň möçberini azaltmak we galyndylary gaýtadan işlemek arkaly zibilhanalaryň sanyny azaldýan, gaty galyndylaryň ýaramaz täsirini mümkin boldugyça peseldýän şäher modelini göz öňünde tutýandyr.







