Hytaýda öndürilen C919 uçary içerki uçuşlarda täze howa gatnawyna başlady

Ýanwar 14, 2026 | 21:05 |63
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýyň özünde öndürilen C919 ýolagçy uçary hepdäniň duşenbe güni Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatynyň merkezi Guançžou şäheri bilen Hytaýyň gündogaryndaky Sziansu welaýatynyň merkezi Nanszin şäherini birleşdirýän ugurda täze howa gatnawyna başlady. Bu barada China Southern Airlines awiakompaniýasy habar berdi.

Täze howa gatnawynyň ýola goýulmagy, Guançžou – Nanszin şäherleriniň arasynda ýerine ýetirilýän ýolagçy howa gatnawlarynda C919 uçarynyň yzygiderli ulanylýandygyny görkezýändir. Awiakompaniýa 1200 kilometre golaý uzaklygy bolan bu ugur boýunça günde iki gezek iki taraplaýyn uçuşlary amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

C919 uçarynyň goşulmagy bilen, bu awiakompaniýa Guançžou – Nanszin gatnaw ugry boýunça günde jemi sekiz uçuşy ýerine ýetirýär. Bu bolsa Hytaýyň günortasyndaky we gündogaryndaky iri şäherleriň arasynda, ýagny Guandun – Gonkong – Makao Uly Aýlag Sebiti bilen Ýanszy derýasynyň deltasy arasynda ýolagçy gatnawlaryny hem-de ykdysady-söwda hyzmatdaşlygyny has-da ýeňilleşdirýär.

C919 uçary kiçi göwrümli ýolagçy uçary bolup, oňa iň köp bolanda 192 ýolagçy ýerleşdirip bolýar. Bu uçar halkara howa gatnawlarynyň standartlaryna laýyklykda öndürilen Hytaýyň ilkinji milli magistral reaktiw uçary bolup, özbaşdak bellige alnan intellektual eýeçilik hukuklaryna eýedir.

Beýleki habarlar