2025-nji ýylda Sinszianyň Horgos portundan geçen ýolagçylaryň sany rekord derejä ýetdi

Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszian Uýgur awtonom welaýatynda ýerleşýän Horgos portundan geçen ýolagçylaryň sany 2025-nji ýylda rekord derejä ýetdi. Muňa Hytaýyň Gazagystan ýaly birnäçe ýurt bilen özara wiza talaplaryny ýatyrmak baradaky ylalaşyklary itergi berdi.
Hytaý bilen Gazagystanyň arasynda wiza talaplaryny ýatyrmak baradaky ylalaşyk 2023-nji ýylyň noýabr aýynda güýje gireninden soň, Sinszianyň serhet port şäherlerinde serhetara ýolagçy gatnawlarynyň ep-esli artdy.
Horgos Giriş-Çykyş Serhet Gözegçilik nokadynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň dowamynda bu port arkaly 1 milliondan 600 müňden gowrak ýolagçy serhetden geçip, bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 23.2 göterim ýokarlandy.







