Hytaýyň Haýnan welaýatynyň Sanýa şäherinde ilkinji ýöriteleşdirilen diş bejeriş merkezi açyldy

Hepdäniň şenbe güni Hytaýyň günortasyndaky tropiki Haýnan welaýatynyň meşhur dynç alyş şäheri bolan Sanýada Pekin uniwersitetiniň Diş bejeriş merkeziniň Sanya şahamçasy, ýagny ýöriteleşdirilen diş bejeriş merkezi işe başlady. Bu merkez Haýnanyň ýerli ýaşaýjylaryna we bu ýere gelýän syýahatçylara diş bejermek boýunça halkara derejesindäki hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berer.
Haýnanyň Erkin söwda zolagynyň möhüm şäherleriniň biri bolan Sanýa şäherinde soňky ýyllarda saglygy bejeriş hyzmatlaryna bolan islegler artdy. Uzak wagtdan bäri bu ýerdäki lukmançylyk mümkinçilikleri şeýle islegleri doly derejede kanagatlandyryp bilmän gelýärdi.
Täze işe girizilen merkeziň edara ediş we lukmançylyk toparlarynyň wekilleri Pekin uniwersitetiniň diş bejeriş merkezinden gelen hünärmenlerdir. Bu bolsa anyklaýyş we bejeriş hyzmatlarynyň ýokary derejeli ülňülere laýyk geljekdigini kepillendirýändir. Bu merkez tiz kömek toplumyny we halkara lukmançylyk hyzmatlar bölümini öz içine alýan dokuz sany ýöriteleşdirilen binadan ybaratdyr we diş kesellerini bejermekde ähli ugurlar bardyr.
“2025-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Haýnan Erkin söwda portunyň tutuş ada boýunça ýörite gümrük düzgünleriniň güýje girmegi bilen, biziň merkezimizde döwlet paçlaryndan boşadylan öňdebaryjy diş lukmançylyk enjamlary getirilip, gurnaldy. Bu Haýnan sebitindäki bejergä mätäç adamlaryň öňdebaryjy diş bejeriş tehnologiýalaryndan we enjamlaryndan peýdalanmagyna mümkinçilik döredýär” diýip, Pekin uniwersitetiniň Diş bejeriş merkeziniň başlygy Den Siulian düşündirdi.
Geljekde Pekin uniwersitetiniň Diş bejeriş merkezi, Haýnanyň lukmançylyk uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly bu sebitiň lukmançylyk edaralary üçin hünärmenleri taýýarlamagy meýilleşdirýär. Geljekde tehniki goldaw we bilelikdäki okuw maksatnamalary arkaly, Erkin söwda portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen, lukmançylyk hyzmatlary, bilim bermek, ylmy-barlag işleri, jemgyýetçilik saglygy we saglyk ulgamynyň dolandyrylyşy boýunça ýokary derejeli toplumlaýyn meýdança döretmek göz öňünde tutulýar. Bu ulgamda bejergä mätäç daşary ýurtly näsaglar üçin hyzmatlara aýratyn üns berler.
“Saglyk, dynç alyş we syýahatçylyk maksatnamalarynyň lukmançylyk bilen utgaşdyrylmagy Sanýa şäherinde döwrebap saglygy goraýyş meýdançasynyň döremegine ýardam berdi. Bu bolsa diňe bir Sanýa şäheri üçin däl, eýsem bütin Haýnan welaýaty üçin uly mümkinçilik döredýär. Hususan-da Erkin söwda portynyň doly işe girmegi paçdan boşadylan derman serişdeleriniň we lukmançylyk enjamlarynyň ýerli derejede elýeterli bolmagyna mümkinçilik döretdi” diýip, Sanýa şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Hu Ýuleý habar berdi.







