Hytaýda Partiýanyň edep-ekram düzgünleri düýpli özgerişliklere alyp barýar

Hytaýda Partiýanyň we hökümet işgärleriniň özüni alyp barmaklaryny has-da kämilleşdirmek maksat edinilýär. Hytaýyň sekiz maddadan ybarat bolan düzgünleri diňe bir Partiýanyň we hökümetiň işgärlerine öwüt-ündew bermek bilen çäklenmän, eýsem tutuş jemgyýetde hem düýpli özgerişliklere itergi berdi.
Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosy tarapyndan 2012-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen bu düzgünler, Partiýa we hökümet işgärlerini hünär taýdan kämilleşdirmegi maksat edinýär.
Bu düzgünleriň esasy mazmuny tertip-düzgün we halk bilen aragatnaşygy gurmak ýörelgeleridir. Tygşytlylygy endik edinmek, manyly ýygnaklary geçirmek, ähmiýetsiz çykyşlary azaltmak hem-de ýerinde hakykaty öwrenmek arkaly, ýolbaşçylar bilen raýatlaryň arasyndaky böwetler aradan aýryldy.
Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bu ýörelgeleri özüniň şahsy göreldesi bilen goldaýar. Ol sada ýaşaýyş şertlerini saýlap, adaty naharlary raýatlar bilen paýlaşyp, artykmaç bir bezegsiz we dabarasyz ýagdaýda adamlaryň arasynda gezýär.
Bu düzgünleriň kabul edilmeginiň yzysüre, Si Szinpin Hebeý welaýatynyň Fupin etrabynyň pes girdejili obalaryna iş saparynyň dowamynda, şol ýeriň arzan myhmanhanasynda bolup gaýtdy.
Bu myhmanhanada indi 17 ýyl bäri işläp gelýan Szia Çunhun, şol saparyň dowamynda Si Szinpin üçin taýýarlanan nahary ýatlady.
“Bize adaty öý naharlary bolan dört sany aýratyn tagam hem-de çorba taýýarlamak tabşyryldy. Şeýle-de alkogolly içgileri hödürlemeli däldigi duýduryldy. Taýýarlanan naharlar uly tabaklarda äberilip, bir saçak başynda on sany adam şüweleňli iýip-içdiler. Soňunda nahardan hiç zat galmady. Si Szinpin saçak başyndan turmazdan öň, hasabyň doly tölenendigine göz ýetirmegimizi haýyş edip, hiç hili mesele döremezligini tabşyrdy” diýip, myhmanhananyň dolandyryjysy Szia Çunhun ýatlamalaryny paýlaşdy.
Si Szinpin sekiz maddadan ybarat bolan düzgünleriň işlenip taýýarlananyndan soňra, şol düzgünleri partiýanyň ýokary wezipeli wekilleriniň doly berjaý etmelidigini tabşyrdy we olary durmuşa geçirmekde ilki bilen özi oňyn görelde görkezdi.
“Ähli derejedäki ýolbaşçylar görelde görkezmelidir. Her bir aýdylan söz hökman ýerine ýetirilmelidir, berlen wada bolsa berjaý edilmelidir. Syýasy býuronyň agzalary barada aýdylanda bolsa, ilki bilen özümizden başlarys” diýip, Si Szinpin Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Tertip-düzgüne gözegçilik etmek baradaky merkezi toparynyň 18-nji mejlisinde belläp geçdi.
Partiýa işgärleriniň ýönekeý naharlara endik etmekligi, döwlet gullukçylarynyň gündelik işleri hem-de olaryň tertip-düzgüni barada metbugatda habar berilmegi, olaryň edep-ekramynyň we özlerini alyp baryş medeniýetiniň soňky on ýylda düýpgöter gowulanandygyny gürrüňdeş bolnan adamlar aýtdylar.
“Öňler resmi kabul edişliklerde köp zatlar isrip edilýärdi, ýagny “ýedi tabak, sekiz tagam” diýleni bolýardy. Indi şeýle ýagdaýlar gaýtalanmaýar. Şol wagtlar ygtyýarnama almak üçin birnäçe gezek gatnamaly bolýardy. Indi bolsa edara işgärleriniň özleri ýardam bermekligi teklip edýärler” diýip, Szia Çunhun aýtdy.
Şeýle-de bolsa, öňde edilmeli işler entäk köp. Si Szinpin gazanylan üstünliklere garamazdan, henizem gowşak ýerleriň bardygyny, düzgün bozulmalaryna we korrupsiýa garşy göreşiň yzygiderli hem-de barlyşyksyz alnyp barylmalydygyny belledi.







