Hytaýda döwletiň maýa goýum serişdelerini paýlamak boýunça düzgüni kabul edildi

Ýanwar 13, 2026 | 19:16 |53
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hepdäniň duşenbe güni Hytaýda döwlet tarapyndan goýberilýän maýa goýum serişdeleriniň paýlanyşyny kadalaşdyrýan, 14 sany çäreden ybarat bolan möhüm düzgüni kabul edildi. Bu çäreler ýurduň esasy milli strategiýalaryny, ileri tutulýan ugurlaryny hem-de bazar mehanizmleriniň netijeli işläp bilmeýän gowşak taraplaryny goldamaga gönükdirilendir.

Bu düzgün Milli ösüş we özgertmeler komiteti, Maliýe ministrligi, Ylym we tehnologiýa ministrligi hem-de Senagat we maglumatlar tehnologiýalary ministrligi tarapyndan bilelikde işlenilip taýýarlandy. Bu resminama döwlet derejesinde döwletiň maýa goýum serişdelerini dolandyrmak boýunça ilkinji toplumlaýyn kadalaşdyryjy çärelerini göz öňünde tutýandyr.

Täze düzgünlere laýyklykda, döwletiň maýa goýum serişdeleri, işi çäklendirilen ýa-da doly gadagan edilen pudaklara gönükdirilip bilinmez. Döwlet serişdeleri düýpli tehnologiýalarda öňegidişlik gazanmagy, senagatdaky gowşak ugurlary we ösüşe böwet bolýan päsgelçilikleri aradan aýyrmagy maksat edinmelidir. Ýerli maýa goýum serişdeleri bolsa sebitlerdäki pudaklaryň mümkinçiliklerine we ösüş ýagdaýlaryna laýyklykda paýlanylmalydyr.

Bu çäreler, ýerli serişdeler bilen senagatyň arasynda laýyklygyň bolmazlygy, maýa goýumlarynyň anyk ugrunyň kesgitlenmezligi we şol birmeňzeş taslamalara maýa goýmagyň köpelmegi ýaly uzak wagtlap dowam eden meseleleri çözmäge gönükdirilendir. “Täze düzgün Hytaýda döwletiň maýa goýum serişdelerini dolandyrmagyň has kämil derejesine, şeýle hem netijelilige we hil taýdan ösüşe gönükdirilen tapgyryna geçilýändigini görkezýändir” diýip, Milli ösüş we özgertmeler komitetiniň Maliýe, bank işleri we karz bölüminiň müdiri Çžao Huaýýun belledi.

Beýleki habarlar