Hytaý ýuanynyň ABŞ dollaryna gatnaşygy soňky 32 aý boýunça iň ýokary derejesine ýetdi

Hepdaniň duşenbe güni Hytaý ýuanynyň ABŞ dollaryna gatnaşygy soňky 32 aý boýunça iň ýokary derejesine ýetdi. Muňa Hytaýyň Merkezi Banky tarapyndan resmi ugrukdyryjy walýuta bahasynyň ýokarlandyrylmagy täsir etdi.
Şol gün içerki bazarda Hytaýyň milli walýutasynyň ABŞ dollaryna bolan gatnaşygy 6.97 derejesine çenli ösmek bilen 2023-nji ýylyň maý aýyndan bäri iň ýokary görkeziji boldy. Şol bir wagtyň özünde daşarky bazardaky ýuanyň hümmeti 1 dollar üçin 6.96 baha derejesinde bellendi.
Hytaýyň Merkezi banky ýuanyň ABŞ dollaryna bolan gatnaşygynyň ortaça ugrukdyryjy bahasyny 7.0108 derejesinde belledi, bu bolsa 2024-nji ýylyň sentýabryndan bäri iň ýokary dereje boldy.
Umuman alanyňda, 2025-nji ýylda Hytaýyň milli walýutasy ABŞ dollaryna garşy 4.5 göterim güýçlenip, 2022-nji ýyldan bäri iň gowy ýyllyk netijesini görkezdi. Muňa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň walýutasynyň umumy taýdan gowşamagy hem-de ýylyň ahyrynda Hytaý eksportçylarynyň walýuta hasaplaşyklarynyň artmagy itergi berdi.







