Hytaý sarp edijiligi höweslendirmek, içerki bazary ösdürmek üçin çäreleri taýýarlaýar

Hytaý şu ýyl sarp edijiligi höweslendirmek we içerki bazary ösdürmek maksady bilen çäreler toplumyny durmuşa geçirer. Bu barada Pekinde geçirilen milli söwda boýunça iş maslahatynda habar berildi. Meýilleşdirilýän çäreler toplumy ýurduň 2026-njy – 2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji bäşýyllyk ösüş maksatnamasynyň ilkinji ýylyna gabat gelýär.
Sarp edijiligi höweslendirmek esasy ugur hökmünde kesgitlenip, täze çäreler toplumy, açyklygy berkitmek, söwdada innowasiýalary höweslendirmek hem-de ikitaraplaýyn maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça çäreleri göz öňünde tutýar. Bu çäreler içerki we halkara bazarlarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge hem-de ykdysady ösüş üçin durnukly binýat döretmäge gönükdirilendir.
Sarp edijiligi höweslendirmek boýunça ýörite çäreleriň çäklerinde “Hytaýda satyn al” tutumyny öňe sürmek we ösdürmek meýilleşdirilýär. Hytaýyň hyzmatlar ulgamynda ösüşe itergi berýän täze çeşmeleri döretmegi, sarp edilýän harytlaryň könesini tabşyryp, ýerine täzesini satyn almaklygy höweslendirýän trade-in maksatnamasyny kämilleşdirmegi hem-de haryt sarp edijiliginiň derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Şeýle-de halkara derejesine laýyk sarp edijilik gurşawyny döretmek boýunça çäreler alnyp barylar.
Mundan başga-da, sanly, daşky gurşawa zyýansyz we saglyk bilen baglanyşykly sarp edijilik ugurlary ösdüriler, ösüp barýan şäherlerde we oba ýerlerinde islegler höweslendiriler. Söwda ulgamynda innowasiýalary öňe sürmek, döwrebap bazar we haryt dolanyşygy ulgamlaryny kämilleşdirmek arkaly bitewi milli bazaryny ösdürmek maksat edinilýär.
Şol bir wagtyň özünde, Hytaý ýokary derejeli açyklygy giňeltmek boýunça alyp barýan işlerini dowam etdirer. 2026-njy ýylda “Hytaý eksporty” we “Hytaýa maýa goýuň” brendlerini güýçlendirmek, harytlaryň we hyzmatlaryň söwdasyny döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryna hyzmatlary gowulandyrmak hem-de halkara ykdysady-söwda düzgünlerine laýyk bolmak arkaly köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meýilleşdirilýär.







