Sinszianyň dag lyža merkezlerinde möwsümiň gyzgalaňly döwri başlanýar

Ýanwar 13, 2026 | 19:00 |32
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Gyşyň başlanmagy bilen Sinsziandaky lyža merkezlerinde syýahatçylaryň sany ep-esli artdy we bu sebitdäki buz-gar ykdysadyýetiniň ösüşine güýçli itergi berdi.

Soňky günlerde Hytaýyň Altaý şäherindäki Sýansýunşan dag lyža merkezi her günde 10 müňden gowrak myhmany kabul etdi. Möwsümiň gyzgalaňly döwründe gelýän myhmanlaryň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen bu merkezde 61 sany lyža ýodasy, lyžaly taýylýan iki tarapy eňňitli meýdançalar, lyžaçylar we snoubordçylar üçin fristaýl meýdançasy, lyžaçylar üçin öwrümli, gar tümmekleri, ýagny mogullar bilen örtülen lyža ýodalary hem-de eňňitden aşaklygyna lyzaly bökülýän meýdançalary doly açyldy. Bu mümkinçilikler dürli derejedäki lyžaçylar we snoubordçylar üçin amatly şertleri döredýändir.

Bu dag lyža merkezinde myhmanlar üçin gyzykly täze mümkinçilikler hem bardyr. Ýagny, howa şarlarynda gezelenç, paraşutly howada gaýmak mümkinçilikleri bolup, olar dag gözelligini belentlikden synlamaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, ýörite gorag geýimlerinde, buz ýaly sowuk suwda ýüzmek mümkinçiligi bardyr. Agşamlaryna bolsa myhmanlar yşyklandyrylan ýodalarda lyžaly gezelenç etmegi dowam etdirýärler ýa-da dag depesindäki aýdym-sazly meýdançalarda öz wagtlaryny hoş geçirip bilýärler.

Gar möwsüminiň başyndan bäri ýerli lyža merkezlerine bir milliondan gowrak syýahatçy geldi, bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 23 göterimden hem ýokarydyr. Syýahatçylar tarapyndan gyzyklanmalaryň artmagy esasynda, Sinszian welaýaty sportuň gyşky görnüşlerini, halk däp-dessurlaryny, okuw-syýahatçylyk ugurlaryny we medeni çykyşlary öz içine alýan 500-den gowrak özboluşly medeni-syýahatçylyk çärelerini gurnaýandyr.

Beýleki habarlar