Szindao şäherindäki ŞHG görkezme zolagy Ýewropa ugurly ýük otlularynyň sanyny artdyrdy

Ýanwar 12, 2026 | 19:57 |54
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýyň gündogar kenarýakasyndaky Szindao şäherinde ýerleşýän, Hytaý bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalarynyň Ýerli ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy boýunça görkezme zolagyndan Hytaý – Ýewropa ugry boýunça gatnaýan ýük otlularynyň 2025-nji ýyldaky gatnaw sany hem-de daşan ýükleriniň möçberi täze derejä ýetdi. Bu barada Szindao gümrük gullugy habar berdi.

Maglumatlara görä, ýylyň dowamynda gümrük edaralary bu zolak arkaly 1 müň 225 sany Hytaý – Ýewropa ugry boýunça ýük otlularynyň ugradylandygyny we kabul edilendigini hasaba alyp, umumylykda 840 müň tonna import-export ýükleriniň daşalmagyna gözegçilik etdiler.

Otlularyň gatnaw sany hem-de daşalan ýükleriň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 20 göterimden gowrak artdy we degişli döwür üçin iň ýokary görkezijilere ýetdi.

Hytaý bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalarynyň Ýerli ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy boýunça görkezme zolagynyň işe girizileninden bäri bu zolagyň üsti bilen Hytaý – Ýewropa ugry boýunça jemi 5 müň 491 sany ýük otlularynyň gatnawlary amala aşyrylyp, 450 müň sany konteýner we 3 million 800 müň tonna import-export harytlary daşaldy.

Beýleki habarlar