Hytaýyň Beýik Aýlag sebiti halkara kärhanalaryny özüne çekip, täze tehnologiýa merkezine öwrülýär

Ýanwar 12, 2026 | 19:57 |61
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň Hetao Şençžen-Gonkong Ylym we tehnologiýa boýunça innowasion hyzmatdaşlyk zolagynyň Gonkong meýdançasynda iş alyp barýan halkara kärhanalaryň sanynyň artmagy bilen, indi bu ýeri bütindünýä tehnologiýa merkezine öwrülýär.

Bu meýdança “bir derýa, iki kenar” we “bir zolak, iki meýdança” ýörelgesine eýermek bilen, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda açyldy. Bu meýdançanyň 87 gektary Gonkong bölegi, 300 gektary bolsa Şençžen bölegidir. Hetao Gonkong meýdançasy şäheriň demirgazygynda gurlup, Hytaýyň günortasyndaky tehnologiýa merkezi hasaplanýan Şençžen şäheriniň golaýynda ýerleşýändir.

Kanadada esaslandyrylan we Nasdaq Capital Market gazna biržasynda hasaba alnan “Pinnacle Food Group” kompaniýasy, Hetao Hyzmatdaşlyk zolagyndaky Gonkong meýdançasynda ýerleşýär.

Bu ýerde hasaba alnan 60 sany kärhananyň hataryna girmek bilen, kompaniýanyň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň prezidenti Endrýu Çžu özboluşly mümkinçilikleriň bardygyny belleýär.

“Hytaý döwleti biohowpsuzlygy, azyk howpsuzlygy we Sagdyn Hytaý başlangyjyny ileri tutmak bilen, agzalan maksatlara ýetmek üçin biotehnologiýa möhüm orun berýär. Biz bütindinýäniň öňdebaryjy mümkinçiliklerini milli ösüş zerurlyklary bilen utgaşdyrmak maksady bilen Gonkongda biotehnologiýa barlaghanamyzy döretdik” diýip Endrýu Çžu düşündirdi.

Bir meýdança Gonkongda, beýlekisi bolsa Şençžende ýerleşip, Hetao hyzmatdaşlyk zolagyny halkara ylmy-tehniki innowasiýalar üçin möhüm merkez we Beýik Aýlag sebitinde ösüş hereketlendirijisi bolup hyzmat edýär.

“Bir tarapdan, Gonkong ýokary derejeli halkara ylmy-barlaglar üçin meýdança we ülňi hökmünde çykyş edip, bütin dünýädäki öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Beýleki tarapdan, Hytaýyň materik bölegi bilen ýakyn gatnaşyklary saklap, ylmy-barlag işleriň netijeleriniň tiz amal bolmagyna mümkinçilik döredýär” diýip, Endrýu Çžu sözüniň üstüni ýetirdi.

Innowasiýa merkezi esasan barlaghanalaryndan we edara ediş binalaryndan ybarat hem bolsa, bu meýdança gündelik durmuşyň möhüm ugurlaryny utgaşdyrmak arkaly güýçli zehinleri saklamak üçin bir bitewi çemeleşme bilen işleýär. Şu maksat bilen, bu meýdança ylmy işgärler we telekeçiler üçin taýýar ýaşaýyş jaýlaryny hödürleýär. Bu ýerde diňe bir ýaşaýyş jaýlary bolman, şeýle hem ähli şertler bilen üpjün edilen möhüm jemgyýetçilik meýdançasyny döredilip, täze pikirleriň emele gelmegine hem-de gülläp ösmegine goldaw berýän jemgyýeti döredýändir.

“Bir ýurt, iki ulgam” we “bir zolak, iki meýdança” ýörelgesi esasynda gurlan Gonkong we Şençžen meýdançalary möhüm innowasiýanyň düzümleri, şol sanda işgärleriň, enjamlaryň, maglumatlaryň we maýanyň hereketini ýeňilleşdirmek üçin halkara kadalaşdyrmalary synagdan geçirmek üçin tagalla edýärler” diýip, Gonkong ýörite dolandyryş welaýatynyň Innowasiýa, tehnologiýa we senagat ministri Sun Dun habar berdi.

Beýleki habarlar