Hytaýa wizasyz gelip-gitmek mümkinçiligi syýahatçylaryň sanyny artdyrdy

Hytaýa wizasyz gelip-gitmek mümkinçiligi daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň ep-esli artmagyna itergi berdi. 2026-njy ýyl garşy alnanda, ýagny Täze ýyl baýramçylygy döwründe Hytaýa gelen daşary ýurtly myhmanlar syýahatçylygyň dürli ugurlaryny saýlamak bilen, ýurduň baý medeniýetini ýakyndan öwrenmäge uly gyzyklanma bildirdiler.
Şu ýylyň 1-nji – 7-nji ýanwary aralygynda Hytaýyň günortasyndaky Haýnan welaýatynyň Sanýa şäherine gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 28 göterim, Haýkou şäherinde bolsa 15 göterim artdy. Bu şäherlere Günorta Koreýa, Taýland, Malaýziýa, Singapur we Awstraliýa ýurtlardan gelen myhmanlaryň sany has hem köp boldy.
Şol agzalan döwürde Haýnanda paçsyz söwdalaryň möçberi 1 milliard 210 million ýuana ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 88 göterim ýokarlandy. Paçsyz söwda eden müşderileriň sany bolsa 150 müňe golaýlap, 38.3 göterim artdy.
2026-njy ýylyň Täze ýyl baýramçylygynyň hem-de 42-nji Harbin Halkara Buz we Gar syýahatçylyk çäresiniň netijesinde, Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Heýlunszian welaýatynyň Harbin şäherinde täze ýylyň ilkinji hepdesinde daşary ýurtly syýahatçylaryň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 70 göterimden gowrak köpeldi.
“Biziň ýurdumyzda bular ýaly tebigy gözellikler ýok. Bu ýeri mende üýtgeşik täsir galdyrdy” diýip, Indoneziýadan gelen syýahatçylaryň biri aýtdy.
Hytaýa wizasyz gelip-gitmek düzgünleriniň netijesinde indi has köp ýurtlardan syýahatçylar gelýär, olaryň ýurtda baryp görýän ýerleriniň sany hem köpeldi.
Häzirki wagtda Hytaý döwleti 76 ýurduň raýatlaryna wizasyz gelmäge rugsat berýär. Mundan başga-da, 55 ýurduň raýatlary Hytaýyň 65 sany giriş nokatlaryndan girip, üstaşyr gatnawlar arkaly başga bir ýurda gitmezden öň 240 sagada çenli ýurtda wizasyz bolmak mümkinçiliginden peýdalanyp bilýärler.







