2026-njy ýylyň ilkinji hepdesinde Haýnanda paçsyz satuwlaryň möçberi 1.2 mlrd ýuandan geçdi

Ýanwar 12, 2026 | 19:46 |35
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýyň günortasyndaky dynç alyş adasy bolan Haýnan welaýaty 2026-njy ýyly batly gadam bilen başlady. Haýkou gümrük gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, ýylyň ilkinji hepdesinde bu ýerdäki paçsyz satuwlaryň möçberi 1 milliard 210 million ýuana (ýagny 173 million 400 müň ABŞ dollaryna) barabar boldy we bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 88 göterim artdy.

Şu ýylyň 1-nji – 7-nji ýanwary aralygynda jemi 824 müň paçsyz harytlar satyldy, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 30.3 göterim köpdür. Agzalan döwürde söwda eden alyjylaryň sany hem 38.3 göterim artyp, 149 müňe ýetdi.

Alyjylaryň sanynyň artmagy bilen birlikde, Haýnan welaýatynyň Sanýa şäherindäki dört sany belli paçsyz söwda merkezleri bu döwürde 800 million ýuana (ýagny 115 million ABŞ dollaryna) barabar möçberde haryt satdy.

“Sargyt eden kosmetiki önümlerimden göwnüm hoş. Satyjylar örän ünsli we mylakatly hyzmat etdiler” diýip, alyjylaryň biri öz pikirini paýlaşdy.

Paçsyz söwdanyň çalt ösmegi 2025-nji ýylyň noýabr aýynda güýje giren täze düzgünler bilen baglanyşyklydyr. Täze düzgünler boýunça paçsyz satuwa rugsat berilýän haryt görnüşleriniň sany 45-den 47-ä ýetirildi.

Haýkou, Sanýa we Wanning şäherlerindäki paçsyz söwda merkezlerinde täze önümler üçin ýörite bölümler döredilip, öz işine ökde satyjylar işe çekildi hem-de arzanladyşlar girizildi, alyjylar üçin söwda şertleri has-da gowulandyryldy.

Bu ada gezelenje barýan syýahatçylara her ýyl adam başyna 100 müň ýuana çenli paçsyz söwda etmeklige rugsat berilýär. 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap ýyllyk paçsyz söwda çäginiň 30 müň ýuandan häzirki derejä çenli ýokarlandyrylmagy bilen, soňky ýyllarda Haýnan welaýatynda paçsyz satuwlaryň möçberi yzygiderli artýar.

Beýleki habarlar