Dronlaryň giňden ulanylmagy Beýik Aýlag sebitinde pes beýiklikdäki ykdysadyýeti ösdürýär

Ýanwar 12, 2026 | 19:42 |27
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýyň Guandun – Gonkong – Makao Beýik Aýlag sebitinde dronlaryň, ýagny uçarmansyz uçuş enjamlarynyň giňden ulanylmagy pes beýiklikdäki ykdysadyýetiň çalt ösmegine itergi berýär.

Soňky ýyllarda dronlar arkaly ýerine ýetirilýän ýagtylyk öwüşginleriniň görkezilmesi bu pudagyň belli ugurlarynyň birine öwrüldi. Guandun welaýatynyň Şençžen şäherindäki bir kompaniýa Täze ýyl baýramçylygy döwründe ýurduň çäginde we daşary ýurtlarda on müňlerçe uçarmansyz uçurylýan enjamlary ulanmak bilen ýagtylyk öwüşginleriniň görkezmesiniň onlarçasyny gurnady. Bu kompaniýanyň dizaýneri Çin Haýçunyň aýtmagyna görä, müşderiler häzirki wagtda bir çykyşda 5 müň, 8 müň, kähalatlarda 10 müňden hem köpräk dronlaryň ulanylmagyna isleg bildirýärler.

Senagatyň ösmegi, uçuş ugurlaryny meýilleşdirýän hünärmenlere bolan zerurlygy hem artdyrdy. Uçuş meýilnamalary boýunça hünärmen Sýu Haoran öz toparynyň öňler diňe Şençžen şäherine hyzmat edendigini, häzirki wagtda bolsa Sziansu, Žeszian, Hainan welaýatlarynyň şäherlerinde hem-de Şanhaý, Çžunşan, Žuhaý şäherleriniň töwereklerinde taslamalary ýerine ýetirýändigini aýtdy. Bu topar indi diňe bir 10 kilometrlik aralyklar bilen çäklenmän, soňky wagtlarda ýüz kilometre çenli uzalýan, şäherara we deňiz üstünden geçýän uçuş ugurlaryny hem meýilleşdirýändir.

Dronlar diňe ýagtylyk öwüşginlerini görkezmek çykyşlarynda däl-de, indi logistika ulgamynda hem ulanylýar. Ilkibaşlarda olar diňe adaty ýük daşamalary üçin ulanylsa, häzirki wagtda tiz zaýalanýan deňiz önümlerini, miweleri, şeýle-de gizlin resminamalary we hassahanalar üçin gyssagly lukmançylyk serişdelerini daşamakda giňden peýdalanylýar. Bu bolsa eltip gowşurmak wagtyny ep-esli gysgaldýar.

Artýan islegi kanagatlandyrmak maksady bilen önüm öndürijiler hem mümkinçiliklerini giňeldýärler. Guançžou şäherinde ýylda 10 müňden gowrak elektrik dik uçuş we gonuş enjamlaryny öndürmäge ukyply dünýäde ilkinji köpçülikleýin önümçilik zawody synag önümçilik tapgyryna geçdi. Inženerleriň bellemegine görä, şeýle ýokary netijelilige ýetmek üçin awtoulag pudagyna meňzeş doly awtomatlaşdyrylan önümçilik hatarlary zerurdyr.

Beýleki habarlar