Hytaý emeli aňly beden we robototehnika pudagynda mundan beýläk-de öňegidişliklere bil baglaýar

Ýanwar 11, 2026 | 20:45 |70
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň emeli aňly beden we robototehnika pudagy çalt depginler bilen ösýär, sebäbi hytaý tehnologiýa kompaniýalary 2025-nji ýylda öňki ýyl bilen deňeşdirilende has köp maliýe goldawyny aldy we has köp serişleri çekdi.

2025-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda emeli aňly bedene ýöriteleşen startaplar 23 milliard ýuandan (3,2 milliard ABŞ dollary) gowrak serişde çekdi, bu bolsa eýýäm 2024-nji ýylyň dowamyndaky jemi maýa goýumlaryň möçberinden geçýär.

Emeli aňly beden, emeli aňly robotlar ýaly fiziki bedenlere birleşdirýär we olara edil adamlar ýaly daşky gurşawy kabul etmäge, öwrenmäge hem-de dinamiki gatnaşykda bolmaga mümkinçilik berýär. Hasaplamalara we logiki pikirlenmä esaslanýan bedene ornaşdyrykan emeli aň, kabul etmek, hereket etmek we daşky gurşawdan gelýän yzyna dolanyşyk arkaly üznüksiz öwrenip, uýgunlaşyp we wezipeleri ýerine ýetirip bilýär, şeýlelik bilen hakyky dünýäde özbaşdaklygy we amaly ulanylyşyny ýokarlandyrýar.

Häzirki zaman adam şekilli robotlaryna gelsek, adamlar olaryň adamlar ýaly özbaşdak işleri ýerine ýetirmegini isleýän hem bolsalar-da, olaryň köpüsiniň dogry işlemegi üçin operator ýa-da öňünden programmalaşdyrylan görkezmeler gerek. Doly özbaşdak emeli aň elýetmez maksat bolup galýar.

“ACE Robotics” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Wan Sýaogan ýakynda Hytaýyň global telekompaniýasyna (CGTN) beren interwýusynda robotlaryň işlenip düzülmeginde emeli aňyň möhümdigini nygtady.

“Elbetde, robotlaryň durnuklylygyny üpjün etmek üçin enjamlaýyn üpjünçilik we dolandyryş örän möhümdir. Emma şol bir wagtyň özünde, ýöriteleşdirilen emeli aňyň bolmagy hem örän wajypdyr. Olar dürli görnüşli wezipeleri özbaşdak çözüp bilmelidirler. Meniň pikirimçe, bu robototehnika ulgamyndaky hakyky kemçilikdir we biz hut şu ugra ünsümizi jemleýäris” – diýip, Wan aýtdy.

“ACE Robotics” robotlaryň göwresini däl-de, olaryň “beýnisini” döredýär. Kompaniýanyň programma üpjünçiligi robotlara, dört aýakly robotlaşdyrylan itlere we robotlaşdyrylan manipulýatorlara daşky gurşawyň ýagdaýyna düşünmäge hem-de wezipeleri hakyky özbaşdak bilen ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Doly özbaşdak robotlaryň heniz hem kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyna garamazdan, Hytaýyň enjamlaýyn mümkinçilikleri bilen emeli aň ugrundaky innowasiýalarynyň utgaşmagy bu geljegi has-da ýakyunlaşdyryp biler diýip, Wan hasaplaýar.

“Biziň enjamlaýyn üpjünçilik babatda örän gowy üpjünçilik zynjyrymyz bar. Häzirki wagtda emeli aň ulgamynda hem köp sanly zehinli hünärmenlerimiziň bar diýip hasaplaýaryn. Hytaýda biziň [üstünlik gazanmaga] gowy mümkinçiliklerimiz bar” diýip – ol aýtdy.

Ylmy-barlag barlaghanalaryndan başlap, töwekgelçilikli maýa goýumlaryna çenli – emeli aňly beden ugrundaky ýaryş güýçli depginde dowam edýär. “CICC Research” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory we baş makroanalitigi Çžan Wenlan bu ýaryşyň Hytaýyň ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýjüne öwrüljekdigine ynanýar.

“2025-nji ýylyň başynda “DeepSeek”-iň peýda bolmagy bilen, bazaryň Hytaýyň tehnologik ösüşine bolan ynamy has-da berkedi. Şonuň üçin hem, aslynda, gazna bazarynyň tehnologiýa pudagy ýylyň başyndan bäri ýokary ösüş görkezdi. Geljekde biz emeli aň we robototehnika tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän tehnologik öňe gidişliginiň täze tolkunynyň Hytaýyň umumy şertli öndürijiligini ýokarlandyrmagyny we mümkin bolan ykdysady ösüşini höweslendirmegini dowam etdirer diýip hasap edýäris” – diýip, Çžan aýtdy.

Beýleki habarlar