Hytaýly robot-tozan sorujylar öndürijileri dünýä bazarynda öňdebaryjy orny eýeleýär

Öňdebaryjy tehnologiýa sergilerinden başlap, Ýewropadan we Günorta-Gündogar Aziýadan müňlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýän bölek satuw dükanlaryna çenli — hytaý robot-tozan sorujylary bütin dünýä boýunça sarp edijileriň arasynda barha meşhur saýlama öwrülýär.
Germaniýanyň Berlin şäherindäki elektronika dükanlarynda Roborock we Dreame ýaly hytaý brendleri robot-tozan sorujylar üçin niýetlenen ýörite bölümlerde görnükli orunlary eýeleýär. Olar bahasy 200 ýewrodan 2000 ýewra çenli bolan giň görnüşli önümleri hödürleýär.
Ýerli sarp edijileriň köpüsi akylly öý enjamlaryny, şol sanda robot-tozan sorujylary satyn alanda, köplenç hytaýda öndürilen önümleri ileri tutýandyklaryny aýdýarlar.
«Bu amatly baha we ýokary hilli önüm. Şeýle-de bu innowasiýa. Mende ýewropa brendleriniň innowasiýalary ýeterlik derejede ornaşdyrmaýandygy baradaky pikir bar», — diýip, bir alyjy aýtdy.
«Meniň pikirimçe, olar hemişe beýleki tehnologiýalardan öňde bolýar. Täze önümleri has tiz çykaryp bilýärler. Köpümiz hytaý tehnologiýalaryna geçýäris», — diýip, başga bir sarp ediji belledi.
Germaniýa hytaý robot-tozan sorujylary üçin iň möhüm daşary ýurt bazarlarynyň biri hasaplanýar.
GfK ylmy-barlag kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlary aralygynda Günbatar Ýewropada satylan her on robot-tozan sorujynyň altysyndan gowragy hytaý markalaryna degişlidir.
Pudak maglumatlary hem dünýä derejesinde güýçli ösüşi görkezýär.
International Data Corporation (IDC) kompaniýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, 2025-nji ýylyň ilkinji üç çärýeginde akylly robot-tozan sorujylaryň dünýä boýunça iberilişi 17,424 million birlige ýetdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18,7 göterim ösüşi aňladýar.
Roborock, Ecovacs, Dreame, Xiaomi we Narwal ýaly hytaý brendleri iberiliş möçberi boýunça dünýä bazarynyň ilkinji bäş lideriniň hataryna girip, jemi dünýä bazarynyň takmynan 70 göterimini eýeleýär.
Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatynyň Hueýçžou şäherindäki robot-tozan sorujy öndürýän zawodda işgärler ABŞ-da geçirilen we anna güni Las-Wegas şäherinde (Newada ştaty) tamamlanan sarp ediş elektronikasy sergisinde ilkinji gezek görkezilen täze modelleriň önümçiligini artdyrýardylar.
Zawod 2025-nji ýylyň dekabr aýynda önümçilik hatarlaryny gaýtadan sazlap, täze önümleri dünýä boýunça sarp edijilere mümkin boldugyça çalt eltip bermek maksady bilen daşary ýurt bazarlary üçin öňünden ätiýaçlyk döretdi.
«2025-nji ýylda Roborock kompaniýasynyň dünýä boýunça iberilişi 7,2 million birlikden geçdi. 2024-nji ýyldan bäri daşary ýurtlardan gelýän girdejiler umumy girdejimiziň 50 göteriminden gowragyny düzýär. Önümlerimiz 170-den gowrak ýurtlarda we sebitlerde satylýar hem-de dünýä boýunça 20 milliondan gowrak hojalyga hyzmat edýär», — diýip, Roborock kompaniýasynyň prezidenti Kuan Gan aýtdy.
Guandun welaýatynyň Dunguan şäherindäki başga bir robot-tozan sorujy öndürýän zawodda daşary ýurtlardan gelýän sargytlaryň artmagy kompaniýany önümçilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen önümçilik hatarlaryny akylly tehnologiýalar arkaly döwrebaplaşdyrmaga iterdi. Häzirki wagtda zawod artýan islegi kanagatlandyrmak üçin doly kuwwatda işleýär.
«2026-njy ýyl üçin biz eýýäm daşary ýurtlardan azyndan 300–400 million ýuan (takmynan 43–57,3 million ABŞ dollary) möçberinde sargyt aldyk. Mundan başga-da, Ýewropanyň öý tehnikasyny öndürýän Cebos Group kompaniýalar topary bilen strategik hyzmatdaşlygy ýola goýduk, we tassyklanan sargytlaryň umumy möçberi 600 million ýuandan (takmynan 86 million ABŞ dollary) geçdi», — diýip, Narwal Robotics kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory Çžan Szýunbin aýtdy.







