Hytaýyň Ýanpu portunda konteýner dolanyşygy 2025-nji ýylda 65% artdy

Hytaýyň günortasyndaky Haýnan welaýatynda ýerleşýän çuň suwly Ýanpu porty 2025-nji ýylda 3 million 300 müň sany konteýnerleri işläp, üstünden geçirdi. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 65 göterim ýokarydyr. Bu barada hepdäniň çarşenbe güni portuň dolandyryjy edarasy habar berdi.
Dançžou şäherindäki Ýanpu Ykdysady Ösüş Zolagynyň Ulag, port we deňiz ýollary gullugynyň maglumatlaryna görä, portuň ýyllyk ýük dolanyşygy 80 million tonnadan geçip, 30 göterim ýokarlandy. Deňiz ýollary boýunça ýük daşamaklygyň möçberi 1 trillion 80 milliard tonna-kilometrden geçip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5 göterim köpeldi.
Bu görkezijileriň ählisi portuň ýyllyk meýilnamalaşdyrylan maksatlaryndan ýokary bolup, Ýanpu portunyň halkara deňiz ulag merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrdy hem-de onuň sebitara hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini giňeltdi.
1992-nji ýylda açylan milli derejeli Ýanpu ykdysady ösüş zolagy, Hytaýyň Haýnan welaýatyndaky iň uly ýük deňiz portuna we senagat toplumlaryna eýedir.
Häzirki wagtda bu port Hytaýy, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryny, Hindi we Ýuwaş umman ugurlaryny hem-de dünýä söwda ugurlaryny baglanyşdyrýan 65 sany konteýner daşaýyş ugurlary boýunça hyzmat edýändir. Şol ugurlaryň 30 sanysy içerki, 35-si bolsa halkara söwda ugurlarydyr.
“Hytaýyň Ýanpu porty” ady bilen hasaba alnan gämileriň sany 83-e ýetip, olaryň umumy ýük daşaýjylygy 7 million 620 müň tonnadan geçdi. Bu görkeziji boýunça Ýanpu porty ýurduň erkin söwda zolaklarynyň arasynda öňdebaryjy orny eýeleýändir.







