Hytaýyň grafiki prosessorlaryny öndürijisiniň paýnamalary Gonkong biržasynda 30% ýokarlandy

Ýanwar 10, 2026 | 20:09 |61
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýda umumy maksatly grafiki prosessorlary (GPU) köpçülikleýin öndürmegi başaran ilkinji çip öndüriji Iluvatar CoreX kompaniýasynyň paýnamalarynyň Gonkong Biržasynyň esasy söwda meýdançasyndaky bahasy 30 göterimden gowrak ýokarlandy.

Bu kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy söwda başlananda 190.2 Gonkong dollaryna (ýagny 24.40 ABŞ dollaryna) ýetip, başda bellenen 144.6 Gonkong dollary bahasy bilen deňeşdirilende 31.54 göterim ýokarlandy.

2015-nji ýylda esaslandyrylan Iluvatar CoreX kompaniýasy, öz paýnamalarynyň ilkinji gezek birža çykarylanyndan bäri 3 milliard 700 million Gonkong dollary möçberinde maýa toplady. Hepdäniň anna güniniň ahyryna çenli kompaniýanyň bazar bahasy 44 milliard 250 million Gonkong dollaryna ýetdi.

Iluvatar CoreX kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Gaý Luszian Gonkongy dünýä bazarlaryna açylýan möhüm penjire hökmünde häsiýetlendirip, onuň esasy tehnologiýalarda öňegidişligi çaltlandyrmaga hem-de milli ösüş strategiýalaryna hyzmat etmäge mümkinçilik berýändigini belledi.

Bilermenleriň pikirine görä, Gonkong biržasyndaky takyk bahalandyrma kompaniýalaryň tehniki mümkinçiliklerini has anyk görkezýär. Maglumatlara görä, Iluvatar CoreX kompaniýasynyň grafiki prosessorlarynyň satuwa iberilişi 2022-nji ýyldaky 7 800 birlikden, 2024-nji ýylda 16 800 birlige çenli artdy. 2025-nji ýylyň iýun aýynyň 30-na çenli bolsa dürli ugurlarda iş alyp barýan 290 sany müşderilere jemi 52 müňden gowrak umumy maksatly grafiki prosessorlary satylypdyr.

Beýleki habarlar