2025-nji ýylda Şanhaýda ýaşamaga hasaba duran daşary ýurtly raýatlaryň sany 7 million 139 müňe ýetdi

Ýanwar 10, 2026 | 20:06 |84
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



2025-nji ýylda Şanhaý şäherinde wagtlaýyn ýaşamak üçin hasaba alnan daşary ýurtly raýatlaryň sany 7 million 139 müňe ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 49.6 göterim köpeldi. Bu barada şäheriň Jemgyýetçilik howpsuzlygy gullugynyň Giriş-çykyşlary dolandyryş bölümi habar berdi.

Bu san 2024-nji ýylda hasaba alnan daşary ýurtly raýatlaryň sanynyň iki esse artandygyny görkezmek bilen, Şanhaýyň daşary ýurtly raýatlar üçin has-da özüne çekiji şäher bolmagynda galýandygyny tassyklaýandyr. Şeýle hem 2025-nji ýylda Şanhaý şäherinde daşary ýurtly raýatlara 200 müňden gowrak wiza we ýaşaýyş rugsatnamasy berildi.

Şäher häkimiýetleri tarapyndan berlen uzak möhletli ýaşaýyş rugsatnamalarynyň paýy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 10 göterim ýokarlandy, bu bolsa şäherde has uzak wagtlap galmak isleginiň artýandygyny görkezýändir.

Daşary ýurt raýatlarynyň Hytaýda resmi ýagdaýda ýaşamagy üçin olaryň ýurtda öz ýerleşen salgysy boýunça hasaba durmaklygy hökmanydyr. Şäher häkimiýetiniň wekili Sun Weýsiniň aýtmagyna görä, 2025-nji ýylda daşary ýurt raýatlaryny wagtlaýyn ýaşamak üçin hasaba alyşlaryň 94.7 göterimi gönümel myhmanhanalar tarapyndan ýerine ýetirildi, bu bolsa daşary ýurt raýatlaryny has amatly usulda ýerleşdirmäge ýardam berdi. Ýaşaýyş toplumlarynda ýerleşdirilen daşary ýurtlularyň 84.8 göterimi bolsa onlaýn görnüşde özbaşdak hasaba alyş ulgamyndan peýdalanypdyrlar.

Häkimiýet wekilleri bu öňegidişligi Şanhaýda açyklyk syýasatynyň alnyp barylmagy hem-de daşary ýurtly myhmanlar üçin hyzmatlaryň gowulaşmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Hytaý Täze ýylynyň öňüsyrasynda hyzmatlara bolan islegiň artmagyna taýýarlyk hökmünde degişli edaralar resmileşdiriş boýunça hyzmat edilýän wagty uzaltmagy göz öňünde tutýarlar.

Beýleki habarlar