Hytaý 2025-nji ýylda halkara standartlar boýunça tekliplerde we neşirlerde öňdeligi eýeledi

Resmi maglumatlara görä, Hytaý 2025-nji ýylda halkara standartlaşdyrmak işlerinde möhüm öňegidişlik gazandy. Teklip edilýän hem-de kabul edilýän standartlaryň sany ep-esli artdy.
Bazary Düzgünleşdiriş boýunça Döwlet Müdirliginiň maglumatlaryna laýyklykda, Hytaý pes uglerodly energetika, biotehnologiýa, emeli intellekt we senagat edaralary ýaly ugurlarda 505 sany halkara standartlar boýunça tekliplerini hödürledi. Bu görkeziji 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 15.83 göterim ýokarlandy.
Şeýle hem Hytaý täze energetika, ýokary tehnologiýaly elektrik ulgamlary, adaty lukmançylyk we beýni – kompýuter interfeýsleri ugurlaryny öz içine alýan 285 sany halkara standartlaryň işlenip düzülmegine we neşir edilmegine ýolbaşçylyk etdi. Bu görkeziji ýyllyk hasapda 26.67 göterim ösüşi görkezýändir.
Mundan başga-da, 2025-nji ýylda Hytaýyň 441 sany milli standartlary daşary ýurt dillerine terjime edildi. Şol bir wagtyň özünde Beidou nawigasiýasy, öňdebaryjy tehnolgiýaly önümçilik, kiberhowpsuzlyk hem-de “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çägindäki hyzmatdaşlyklar boýunça dört sany ýörite taslamalar işe girizildi.
Bazary Düzgünleşdiriş boýunça Döwlet Müdirligi 2026 – 2030-njy ýyllary öz içine alýan Hytaýyň 15-nji bäşýyllyk maksatnamasyna laýyklykda täze materiallar, älem senagaty we ornaşdyrylan emeli intellekt ýaly geljekki ugurlarda halkara standartlaryň ösdürilmegini dowam etdirmegi meýilleşdirýär.







