Hytaýda 2025 – 2026 gyş möwsüminde buz-gar syýahatçylygynyň ösmegine garaşylýar

Ýanwar 09, 2026 | 20:45 |62
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň buz we gar syýahatçylygy durnukly ösüşiň täze tapgyryna gadam basýar. Hytaýyň Syýahatçylyk Akademiýasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýylyň dekabryndan 2026-njy ýylyň fewraly aralygynda gyşky syýahatlaryň sany 360 milliona, girdejileriň bolsa takmynan 450 milliard ýuana (ýagny 64 milliard 310 million ABŞ dollaryna golaý) ýetmegine garaşylýar.

Hasabatda bu ugurda ösüş mümkinçilikleriniň ýokarydygy bellenilýär. Hytaýyň Syýahatçylyk Akademiýasy tarapyndan geçirilen soragnama laýyklykda, gatnaşyjylaryň 74.8 göterimi 2025–2026 gyş möwsüminde buz-gar bilen bagly dynç alyş çärelerine gatnaşmagy meýilleşdirýär, olaryň 50.5 göterimi bolsa gyşda syýahat etmek üçin uzak aralyklara gitmegi göz öňünde tutýar.

Şeýle hem sarp edijilikde üýtgeşmeler bolup geçýär, ýagny ulag we myhmanhana ýaly “esasy çykdajylardan” güýmenje, medeni çäreler we tehnologiýa ýaly “goşmaça çykdajylara” geçilýändigini synlamak bolýar. Bu ýagdaý Hytaýda gyşky syýahatçylygyň hiliniň we mazmunynyň özgerýändigini görkezýändir.

Hasabatda bellenilişine görä, däp bolan lyžaly gezelenç merkezleriniň ýerleşýän demirgazyk gar zolaklary bilen bir hatarda, merkezi we günorta sebitler hem ýapyk dynç alyş merkezlerini gurmak arkaly öz gyşky syýahatçylyk ugurlaryny ösdürýärler. Şeýle ýapyk toplumlar ýylyň dowamynda syýahatçlyk isleglerini artdyrýan möhüm maýa goýum ugurlarynyň birine öwrüldi.

Beýleki habarlar