Hytaý we Koreýa Respublikasy strategik we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar

Ýanwar 07, 2026 | 19:15 |66
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýan hepdäniň sişenbe güni Pekinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Men bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy.

Premýer Li Sýan Hytaý döwletiniň Koreýa Respublikasy bilen özara gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini bellemek bilen, strategiki aragatnaşygy, syýasy ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, çaprazlyklary dolandyrmaga hem-de iki halkyň bähbidine laýyklykda gatnaşyklary dogry ugurda ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Premýer Li Sýan Iki ýurduň ýakyn ykdysady we söwda hyzmatdaşlarydygyny, senagat we üpjünçilik zynjyrlarynyň bolsa çuňňur baglanyşyklydygyny belläp geçdi hem-de sagdyn bäsdeşligi we özara bähbitli hyzmatdaşlygy öňe sürdi. Ol döwrebap önümçilik, emeli intellekt we täze energiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrdy hem-de Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň Hytaýda maýa goýumlaryny artdyrmagyny goldaýandygyny aýtdy.

Şeýle hem Premýer Li Sýan iki tarapy köptaraplylyk we erkin söwda ýörelgelerini goldamaga, sebit we ählumumy parahatçylyga hem-de durnuklylyga goşant goşmaga çagyrdy.

Prezident Li Çže Men öz gezeginde Koreýa Respublikasynyň Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini, Hytaýyň esasy bähbitlerine hormat goýýandygyny aýtdy. Ol ykdysadyýet, söwda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny belläp, Hytaý kompaniýalarynyň Koreýa Respublikasynda maýa goýumlaryny giňeltmegini oňlamak bilen belledi hem-de köptaraply meseleler boýunça Hytaý bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Beýleki habarlar