Hytaýyň Premýeri we Irlandiýanyň Premýer-ministri hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Ýanwar 07, 2026 | 19:15 |52
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň Premýeri Li Sýan hepdäniň sişenbe güni Pekinde Irlandiýanyň Premýer-ministri Mihol Martin bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

Premýer Li Sýan iki ýurduň bilelikdäki tagallalarynyň netijesinde Hytaý bilen Irlandiýanyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan strategiki hyzmatdaşlygynyň durnukly ösüşe eýe bolandygyny we dürli ugurlarda täze sepgitlere ýetilendigini aýtdy.

Premýer Li Sýan Hytaýyň Irlandiýa bilen syýasy ynamy berkitmäge, taraplaryň esasy bähbitlerine we möhüm meselelerine hormat goýmaga, hyzmatdaşlygy iş ýüzünde ilerletmäge taýýardygyny bellemek bilen, munuň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmaga hem-de özara bähbitli netijeleri gazanmaga ýardam berjekdigini aýtdy.

Premýer Li Sýan Hytaýyň Irlandiýa bilen uçarlary kärendesine bermek, ätiýaçlandyryş we saglygy goraýyş ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa energiýa, sanly ykdysadyýet, emeli intellekt we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy. Şeýle-de, Hytaý döwletiniň hünärmenler babatynda hyzmatdaşlygy, medeniýetde we halklaryň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyny hem-de iki ýurduň arasyndaky dostlugyň binýadyny has-da berkitjekdigini belledi.

Li Sýan şu ýylyň ikinji ýarymynda Irlandiýanyň Ýewropa Bileleşigine başlyklyk edýändigini belläp, Irlandiýanyň Hytaý döwleti bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyny ilerletmekde işjeň ornunyň boljakdygyna umyt bildirdi.

Premýer-ministr Mihol Martin öz gezeginde Irlandiýanyň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga berk ygrarlydygyny aýtdy. Ol Hytaý bilen ähli derejelerde alyş-çalyşlary güýçlendirmäge, ykdysadyýet, söwda, “ýaşyl” ykdysadyýet, halklaryň arasyndaky gatnaşyklar we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ilerletmäge taýýardygyny belledi. Hytaý kompaniýalarynyň Irlandiýa maýa goýmagyna uly goldaw bilen garaýandygyny aýtdy.

Irlandiýanyň Hytaý bilen köptaraplaýyn utgaşdyrmak işini güýçlendirmäge, birtaraplylyga we daşarky bäsdeşlikden ýerli haryt öndürijileri goramakdan saklanmaga we dünýä parahatçylygyny, durnuklylygyny, ösüşini hem-de abadançylygyny bilelikde goramaga taýýardygyny aýdyp geçdi.

Irlandiýanyň Ýewropa Bileleşigi bilen Hytaýyň arasyndaky dialogy we hyzmatdaşlygy ösdürmekligi goldamaga taýýardygyny hem mälim etdi.

Beýleki habarlar