Hytaýda harytlary çalyşmak maksatnamasy boýunça söwda möçberi 3 trillion 920 milliard ýuana ýetdi

Ýanwar 07, 2026 | 19:07 |87
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýda ulanylan enjamlary tabşyryp, onuň öwezine täzesini satyn almak boýunça döwlet tarapyndan goldanylýan maksatnamanyň esasynda geçirilen söwdalaryň möçberi 2024–2025-nji ýyllarda 3 trillion 920 milliard ýuana (ýagny 558 milliard ABŞ dollaryna) barabar boldy we bu maksatnamadan 494 million adam haýyr tapdy. Bu barada hepdäniň sişenbe güni Söwda ministriniň orunbasary Şen Sýupin metbugat ýygnagynda mälim etdi.

Şen Sýupiniň sözlerine görä, agzalan döwürde maksatnamanyň çäginde 18 million 300 müň awtoulag çalşyryldy, olaryň 60 göterim töweregi täze energiýa çeşmelerine esaslanýan awtoulaglar boldy. Şeýle-de 192 million hojalyk tehnikasy satyn alyndy, olaryň 90 göterimden gowragy ýokary energiýa tygşytlylyk talaplaryna laýyk gelýändir.

Şen Sýupin daşky gurşawa zyýansyz önümlere bolan islegiň artmagynyň sarp edijiligiň möçberine oňyn täsir edendigini belledi. Täze energiýaly ulaglar we döwrebap tehnologiýaly, energiýa tygşytly hojalyk enjamlary ekologiýa taýdan arassa önümleriň sarp ediliş bazarynyň durnukly ösüşine itergi berdi, daşky gurşawa zyýansyz önümleriň üpjünçiligi artdy hem-de bu ugurdaky sarp edijilik gurşawy has-da kämilleşdirildi.

Hytaý 2024-nji ýylda köne harytlary döwrebap, ekologiýa taýdan arassa we pes uglerodly önümler bilen çalyşmagy höweslendirmek maksady bilen degişli çäreleri durmuşa geçirdi.

Beýleki habarlar