Hytaýyň raýat awiasiýa pudagy 2025-nji ýylda durnukly ösüş görkezdi

Ýanwar 07, 2026 | 19:04 |26
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýyň raýat awiasiýasy pudagy 2025-nji ýylda öňegidişlik gazanmak bilen, esasy görkezijiler boýunça ynamly ösüşi görkezdi. Bu barada hepdäniň sişenbe güni geçirilen milli raýat awiasiýasy boýunça iş maslahatynda beýan edilen maglumatlarda aýdylýar.

Hytaýyň Raýat Awiasiýasy Müdirligi tarapyndan berlen maglumata görä, 2025-nji ýylda pudagyň umumy gatnatma-daşama dolanyşygy 164 milliard 80 million tonna-kilometre ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 10.5 göterim artdy.

2025-nji ýylda gatnadylan ýolagçylaryň sany 770 million adama ýetip, bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5.5 göterim ýokarlandy. Ýük we poçta daşamalarynyň möçberi bolsa 10 million 170 müň tonna ýetip, ýyllyk hasapda 13.3 göterim artdy.

Maslahatyň dowamynda Hytaýyň Raýat Awiasiýasy Müdirliginiň ýolbaşçysy Sun Çžiyun 2025-nji ýylda raýat awiasiýasy pudagynyň umumylykda durnukly ösüş ugruny saklandygyny hem-de öňde goýlan esasy maksatlaryň we wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilendigini aýtdy.

Onuň bellemegine görä, 2025-nji ýylda halkara ýolagçy gatnatmalary ýyllyk hasapda 21.6 göterim ýokarlandy. Merkezi Aziýa ugry boýunça gatnadylan ýolagçylaryň sany 59.3 göterim köpeldi, Günbatar Aziýa ugry boýunça ýolagçylaryň sany 33.4 göterim artdy, Afrika ugry boýunça 39 göterim we Günorta Amerika ugry boýunça ýolagçy akymy 108.6 göterim artdy.


2025-nji ýylda raýat awiasiýasy pudagy boýunça alnan umumy girdeji 6 milliard 500 million ýuana (ýagny 926 million 280 müň ABŞ dollaryna) deň bolup, bu işewürlik görkezijileriniň gowulandygyny görkezdi.

Geljek barada aýdyp, Sun Çžiyun 2026-njy ýylda pudagyň gatnatma-daşama dolanyşygynyň 175 milliard tonna-kilometre, ýolagçy akymynyň 810 million adama, ýük we poçta daşamalarynyň möçberiniň bolsa 10 million 700 müň tonna ýetmegine garaşylýandygyny aýtdy.

Beýleki habarlar