A-paýnamalary 2025-nji ýylda paýdarlara rekord derejede girdeji getirdi

Hytaýyň A-paýnamalary 2025-nji ýylda paýdarlara rekord derejede girdeji getirdi. Munuň özi korporatiw girdejililigiň gowulanýandygyny we paýdarlaryň girdejilerine berilýän ähmiýetiň artýandygyny görkezýändir. Bu barada ýurduň esasy üç gazna biržasy tarapyndan çap edilen soňky maglumatlarda beýan edilýär.
Şanhaý gazna biržasy, Şençžen gazna biržasy we Pekin gazna biržasy tarapyndan berlen maglumatlara görä, A-paýnamalary hasaba alnan kompaniýalar 2025-nji ýylda jemi 2 trillion 600 milliard ýuandan (ýagny 372 milliard ABŞ dollaryndan) gowrak nagt görnüşinde girdeji tölediler. Bu görkeziji taryhy rekord hökmünde hasaba alyndy.
Şanhaý gazna biržasynda hasaba alnan 1640 kompaniýa jemi 2 trillion 60 milliard ýuan (ýagny 294 milliard ABŞ dollary) möçberinde girdeji töledi. Bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 11 göterim köpdür. Şençžen gazna biržasyndaky 1910 kompaniýa jemi 547 milliard 560 million ýuandan (ýagny 78 milliard ABŞ dollaryndan) gowrak girdeji töledi. Pekin gazna biržasynda hasaba alnan kompaniýalar bolsa 2025-nji ýylda maýadarlara 6 milliard 390 million ýuan (ýagny 901 million ABŞ dollary) möçberinde nagt görnüşde girdeji tölediler. Bu 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2.62 göterim ýokarydyr.
Maglumatlar Şanhaý gazna biržasynda hasaba alnan alty pudakdaky kompaniýalaryň girdeji tölegleriniň her birinde 100 milliard ýuandan (ýagny 14 milliard 300 million ABŞ dollaryndan) geçendigini görkezdi. Bu pudaklar bank ulgamyny, nebit we nebit-himiýa senagatyny, azyk harytlarynyň önümçiligini öz içine alýandyr.
Şol bir wagtyň özünde, tehnologiýa bilen baglanyşykly kompaniýalar hem girdeji töleginde durnukly ösüşi görkezdi. Şençžen gazna biržasynynyň ChiNext meýdançasynda 945 kompaniýa jemi 137 milliard 450 million ýuandan (ýagny 19 milliard 600 million ABŞ dollaryndan) gowrak girdeji töledi. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 8.41 göterim artyp, çalt ösüş depginini görkezdi.
Şanhaý gazna biržasyndaky STAR Market bazarynda bolsa 383 kompaniýa nagt görnüşinde girdeji töleglerini amala aşyrdy. Bu bolsa bazaryň 60 göteriminden gowragyny öz içine aldy. STAR Market boýunça jemi girdeji tölegleri 2025-nji ýylda 38 milliard 200 million ýuana (5 milliard 470 million ABŞ dollaryna) barabar boldy.
“Tehnologiýa kompaniýalarynyň girdeji tölegleriniň artmagy, pudagyň kämilleşýändigini görkezýän möhüm habardyr. Ilkinji tapgyrlarda tehnologiýa kompaniýalary girdejilerini esasan ylmy-barlag işlerine we giňelmegine gönükdirip, girdeji tölemäge beýle uly ähmiýet bermeýärdiler. Häzirki ösüş bolsa köp sanly tehnologiýa kompaniýalarynyň durnukly girdeji alýandyklaryny we nagt serişdelerini has ussatlyk bilen dolandyrýandygyny görkezýär. Bu ýagdaý Hytaýyň tehnologiýa pudagynyň peýda gönükdirilen ösüşe tarap geçýändigini, şol bir wagtyň özünde korporatiw dolandyryşyň gowulanandygyny we maýadarlaryň girdejilerine has köp üns berilýändigini aňladýar,” diýip, Şanhaý Maliýe we ösüş institutynyň direktory Zeng Gang belledi.







