Hytaýyň Ningbo – Žouşan porty ýük dolanyşygy boýunça 17 ýyl bäri dünýäde öňdeligi saklaýar

Ýanwar 06, 2026 | 22:00 |62
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýyň gündogaryndaky Žeszian welaýatynda ýerleşýän Ningbo – Žouşan portunyň 2025-nji ýyldaky ýük dolanyşygy 1 milliard 400 million tonnadan geçdi. Şeýlelikde bu port indi 17 ýyl bäri dünýäde öňdeligi saklap gelýär. Bu barada porty dolandyryjynyň wekili habar berdi.

Geçen ýyl bu port 43 milliondan gowrak konteýneri işläp, üstünden geçirmek bilen dünýä derejesinde üçünji orny saklap galdy.

Beýleki portlar bilen baglanyşyk mümkinçiligi boýunça Ningbo – Žouşan porty dünýäde ikinji orunda durýar. Häzirki wagtda bu port konteýnerleri 309-dan gowrak ugurlar boýunça kabul edýär we ugradýar, 200-den gowrak ýurtlaryň 700-den gowrak portlary bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Her günde ortaça 300-e golaý gämi porta gelip-gidýär.

Ningbo – Žouşan porty şeýle hem deňiz-demir ýol utgaşdyrylan ulag-gatnaw ugurlarynyň 110-dan gowragyny ýola goýdy. Bu ugurlar ýurt boýunça 16 welaýatyň we dolandyryş sebitleriniň 69 sany etraplaryny birikdirýär. Şonuň ýaly-da bu ugurlar 40 sany “içki gury ýer portlaryny” öz içine alýandyr. 2025-nji ýylda Ningbo – Žouşan porty deňiz-demir ýol utgaşdyrylan ulag-gatnaw hyzmatlary boýunça 2 milliondan gowrak konteýnerleri işläp, öz üstünden geçirdi.

Beýleki habarlar