Hytaýyň sanly ýuany aýlanyşykdaky gerimini giňeldýär

Ýanwar 06, 2026 | 21:56 |53
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Bilermeniň bellemegine görä, 2026-njy ýyldan başlap, Hytaý döwleti sanly ýuana göterim tölemekligi meýilleşdirýär. Bu çäre milli walýutanyň aýlanyşykdaky mümkinçiliklerini artdyrar hem-de onuň döwletara hasaplaşyklarynda ornuny güýçlendirer.

2025-nji ýylyň ahyrynda Hytaýyň Merkezi banky tarapyndan sanly milli walýutany dolandyrmak boýunça täzeçe çemeleşmeler girizildi. 2026-njy ýylyň başyndan güýje giren täze düzgünler Sanly Walýuta Elektron Töleg ulgamyny nagt pul hökmünde ulanyş usulyndan sanly pul goýumy görnüşine geçirdi.

Netijede, sanly ýuan gapjyklaryndaky pul serişdeleri üçin, talap edilýänçä goýlan goýumlar boýunça göterim hasaplamalary ulanylar. Bu bolsa Hytaý ýuanyny, dünýäde göterim hödürleýän merkezi bankyň ilkinji sanly walýutalarynyň birine öwürýändir.

«Öň sanly ýuan M0 kagyz banknotlaryna deň güýji bolan sanly pul hökmünde ýerleşdirilipdi. Indi bolsa ol esasan M1, ýagny goýum serişdesi bolup, banklar tarapyndan goýum hökmünde kabul ediler hem-de karz bermekde ulanylar we şoňa görä-de göterim toplamagyna mümkinçilik dörär» diýip, Merchants Union Consumer Finance kompaniýasynyň baş ylmy-barlag işgäri Dun Simiao düşündirdi.

Dun Simiaonyň aýtmagyna görä, bu çäre sanly ýuanyň ulanylyş ugurlaryny giňelder we döwletara hasaplaşyklarynda ulanmak arkaly halkara derejesinde milli walýutanyň ornuny ýokarlandyrar.

Hytaýyň Merkezi banky 2014-nji ýylda ilkinji gezek sanly milli walýutany synag üçin ulanmaga başlapdy. 2020-nji ýylda bolsa Guandun-Gonkong-Makao Uly Aýlagynda, Pekin-Tianszin-Hebei sebitinde we Ýanszy derýasynyň deltasynda Sanly Walýuta Elektron Töleg ulgamyna degişli synag taslamalaryny durmuşa geçirdi.

Şondan bäri sanly ýuanyň ulanylyş gerimi hem-de umumy dolanyşygy ep-esli artdy.

“Ýan telefon programma üpjünçiliginiň üsti bilen sanly ýuan arkaly onlaýn tölegleri hem-de oflaýn amallary geçirip bolýar. Ol ýan telefondaky gapjyklar, ýakynlaşdyryp töläp bolýan enjamlar ýa-da bank kartlary ýaly ulanylýar we onuň internete çatylmazdan töleg geçirmek mümkinçiligi bardyr. Indiki tapgyrda “akylly şertnamalar” ulanyşa girizilmek bilen, bölekleýin tölemek ýaly töleg mümkinçilikleri giriziler” diýip, Dun Simiao sözüniň üstüni ýetirdi.

Häzirki wagtda 10 sany edara sanly ýuany ulanmaga ygtyýarlyk berildi. Olaryň hataryna alty sany döwlet täjirçilik banklary, iki sany paýdarlar banky we iki sany hem internet banklary girýär. Bulardan başga-da, köp sanly banklar bu ulgama goşulmak maksady bilen Merkezi banka ýüz tutýarlar.

2025-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyryna, Hytaýda 3 milliard 500 million töweregi sanly ýuan amallary hasaba alnyp, olaryň umumy möçberi 16 trillion 700 milliard ýuana ýetdi.

Beýleki habarlar