Hytaýyň Ýanszy derýasynyň ykdysady zolagyndaky görkezijiler on ýylda iki esse artdy

Soňky on ýylyň dowamynda Hytaýyň Ýanszy derýasynyň ykdysady zolagyndaky ykdysady görkezijiler iki esseden gowrak artdy. Bu barada duşenbe güni Pekinde geçirilen metbugat maslahatynda Hytaýyň Milli ösüş we özgertmeler toparynyň başlygynyň orunbasary Wang Çanlin habar berdi.
Onuň bellemegine görä, soňky on ýylda bu ykdysady zolagyň ýurduň jemi içerki önümindäki paýy 42.2 göterimden 47.3 göterime çenli ýokarlandy. Şol döwürde adam başyna düşýän ortaça girdeji 23 müň ýuandan (ýagny 3 288 ABŞ dollaryndan) 44 müň ýuana (ýagny 6 291 ABŞ dollaryna) çenli artyp, 91 göterim köpeldi.
Uzynlygy 6300 kilometrden gowrak bolan Ýanszy derýasy, ýurtda Gündogar Hytaý deňzine baryp ýetýän iň uzyn derýa hasaplanýar. Häzirki wagtda 11 sany welaýat derejesindäki sebiti öz içine alýan Ýanszy derýasynyň ykdysady zolagy Hytaýyň iň möhüm we ykdysady taýdan kuwwatly merkezleriň birine öwrüldi.
Soňky ýyllarda Hytaýyň Şanhaý şäherinde halkara ylym-tehnologiýa innowasiýa merkeziniň döredilmegi yzygiderli öňe sürülýär. Şeýle-de Hubeý welaýatynyň paýtagty Wuhan şäherinde we Çendu-Çunsin ykdysady zolagynyň çäginde sebitleýin innowasiýa merkezleri döredilýär. Mundan başga-da, täze döreýän we geljekki senagatlary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler möhüm tehnologiki üstünliklere getirip, halkara derejesinde bäsdeşlige ukyply innowasion kärhanalaryň döremegine we awtoulag önümçiligi hem-de elektron maglumat tehnologiýalary ýaly ugurlarda dünýä derejesindäki senagat toplumlarynyň döremegine itergi berdi.
Wang Çanlin soňky on ýylda Ýanszy derýasynyň ugry boýunça daşky gurşawy goramak babatynda uly öňegidişlikleriň gazanylandygyny belledi. Derýada ýerleşýän jemi 1361 sany bikanun duralgalar aýryldy. Netijede, derýa sakasynda ýerleşýän şäherlerde hapa we ýaramaz ysly suw howdanlary doly ýok edildi. Derýanyň suwy arassa böleginiň paýy 67 göterimden 96.5 göterime çenli ýokarlandy. Derýanyň ýüzündäki suwuň hili V derejesinden II derejä çenli gowulandy. Şeýle-de, Ýanszy derýasynda on ýylyň dowamynda balyk tutmaklygy gadagan edýän düzgün berk berjaý edilýär.
Ýük daşama görkezijileri barada aýdylanda Ýanszy derýasynyň esasy ugrunyň dünýäde iň işjeň içerki suw howdanydygy belläp geçildi. Soňky on ýylda bu ugurdaky portlarda ýyllyk ýük daşamamanyň möçberi 71 göterim artyp, 4 milliard 200 million tonna ýetdi.
“Biz indiki tapgyrda Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň we Döwlet Geňeşiniň kabul eden çözgütlerini we meýilnamalaryny doly durmuşa geçireris. Ýanszy derýasynyň ykdysady zolagy boýunça 15-nji bäşýyllyk maksatnamanynyň wezipelerini durmuşa geçireris hem-de Ýanszy derýasyny doly goramak boýunça üç ýyllyk iş meýilnamasyny ýerine ýetireris. Munuň özi ykdysady zolagy yzgiderli ösdürmäge ýardam berer” diýip, Wang Çanlin sözüni tamamlady.







